Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň çykyşy

eye
1451
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň çykyşy

Tahyr Ataýewiň ýobaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň «Watan» kinokonsert merkezinde beren konsertine gelenlerden ýaňa zal hyryn-dykyn doludy. Bu gezek sazandalar Antonio Wiwaldiniň «Pasyllar» eseriniň Maks Rihteriň filosofik äheňde täzeden işlän görnüşini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň göwnüni awladylar.

Asly nemes bolan britaniýaly kompozitor Maks Rihter Wiwaldiniň iň tanymal eserleriniň birini häzirki zaman minimalizm žanrynda gaýtadan işläpdir. Saz tankytçylary ony saz sungatynda öňe gidişlik gazanan adam hasaplaýarlar. «Pasyllar» eseriniň Rihteriň täzeden işlän görnüşi ýurdumyzda ilkinji gezek ýerine ýetirilýär, munuň özi diňleýjilerde durky özgeren esere gyzyklanma döretdi.

Sahna Dirižýor Tahyr Ataýew bilen skripkaçy Bahram Dolyýew çykýarlar. Konsert wideoşekiller arkaly Älem şekillerini görkezmekden başlanýar. Ýylyň her pasly özüçe owadan. Wiwaldiniň eseri Zemin gözelligi bilen birlikde Rihteriň beýanynda käte gabat gelýän tebigy harasatlary-da beýan edýär. Sazyň temalarynyň biri bolsa adam ömrüni mynasyp ýaşamak barada.

Skripka ussatlarça erk edip, ondan hoş owaz alyp bilýän Bahram Dolyýewi tomaşaçylar gül desseleri we şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler.

Tahyr Ataýweiň dirižýor taýajygynyň emri bilen sazandalar «Harasat» temasyny gaýtadan ýerine ýetirdiler. Ýene-de Bahramyň skripkasy belent notada deňiz harasadyny beýan etdi.

Dirižýor bilen gysgajyk söhbetdeşlik:

-Tahyr, çykyşyňyz öz göwnüňize ýaradymy?

-Edil häzir-ä belli bir zat aýdyp biljek däl. Entek duýgylarym berneme köşeşsin. Ertir konsert ýazgysyna syn edip, oňa degişli baha bereris.

-Siz tomaşaçylara şeýle eseri teklip etmekden çekinmediňizmi? Sebäbi «Pasyllary» täzeden işlemek nämä gerek?- diýen sowal ýüze çykýar. Eser onsuzam ajap ahyry.

-- Çekinmänem durmadyk. Ýöne tomaşaçylary häzirkizaman saz dünýäsinde bolup geçýän üýtgeşmeler bilen tanyşdyrmak isledik.

- Geljekde tomaşaçylary näme bilen begendirmekçi?

-Rok-konsert, şeýle hem «Maýkl Jekson» konserti bilen. Onda ozalky we täze çykyşlarymyz ýaňlanar.

-Döredijiligiňiz üçin« sag bolsun» aýdýarys we üstünlikler arzuw edýäris?

Tamara Glazunowa
Surata düşüren: Ýuriý Şkurin

Täze habarlar