«Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň tabşyrygy boýunça Gubadag şäherinde gurlan täze çeper haly kärhanasynda halylar ýüwürdilip başlandy. Halylara «guşly göl» ýaly gadymy, şeýle hem täzeden dikeldilen göller salynýar. Täze binanyň ýagty otaglarynda çeper elli zenanlar dürli ölçegli we gülli halylaryň birbada ýüz metre golaýyny dokap başladylar.
Gubadag etrabynyň dolandyryş merkeziniň Azady köçesinde golaýda işe girizilen kärhana 0,5 ga meýdany tutýar we 150 iş ornuna niýetlenendir. Onuň iki gat binasynda edara jaýy, türkmen halysynyň kiçeňräk müzeýi, önümçilik sehi, ussahana, ammar we ş.m. ýerleşýär.
Ýurduň beýleki sebitleri ýaly Daşoguz welaýaty hem ýokary hilli owadan el halylary bilen tanalýar. Halyçylar ozaldan gelýän ýörelgeleri täze röwüşde baýlaşdyrýarlar.
Batyr Öräýew