Ï GDA-nyň ilkinji sport oýunlary Kazanda geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň ilkinji sport oýunlary Kazanda geçiriler

view-icon 6635

Şu ýylyň 4 – 11-nji sentýabry aralygynda Kazanda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň ilkinji oýunlary geçiriler. Şu güne çenli Oýunlara iki müňden gowrak gatnaşyjynyň islegi yglan edildi, şolardan 1500-e golaýy Azerbaýjanly, Ermenistanly, Belarusly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Moldowaly, Russiýaly, Täjigistanly, Türkmenistanly we Özbegistanly (14 – 23 ýaş aralygyndaky) sportçudyr – diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň resmi websaýty habar berýär.

Baş maksady halklaryň arasynda däp bolup gelýän dostlukly gatnaşyklary berkitmek bolan Oýunlary geçirmek pikiri üç ýyl ozal Duşanbe şäherinde Döwlet baştutanlary Geňeşiniň mejlisinde makullanypdy.

Arassaçylyk-epidemiologik ýagdaý we howa gatnawyndaky kynçylyklar zerarly Oýunlar has yza süýşürilipdi. Häzirki wagtda bu ýagdaýlar, esasanam, Tokio Olimpiadasyndan soň her bir türgende halkara derejesinde ýaryşlara gatnaşmaga, öz mümkinçiliklerine ýene bir gezek baha bermäge we geljekki bäsdeşleriniň ussatlyk derejesini kesgitlemäge öz-özünden düşnükli goşmaça ymtylyş döredýär.

Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnikhanow ýakynda Respublikanyň Hökümet Öýünde Guramaçylyk komitetiniň öňde duran oýunlara taýýarlygy barada deslapky maslahaty geçirdi.

Maslahata gelenleriň ünsüni oýunlaryň ähmiýetine jemlän Prezident: “Bu diňe bir sport baýramçylygy däl, eýsem umumy taryh, medeni we ruhy gymmatlyklar bilen özara bagly halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň nyşanydyr” diýdi. Rüstam Minnikhanow şeýle ýaryşlaryň ilkinji gezek geçirilýändigini hem belläp geçdi: “Bu, guramaçylar üçin uly jogapkärçilikdir, şonuň üçin çäre iň ýokary derejede geçirilmelidir”.

Öňümizdäki Oýunlaryň nyşanynynyň Symrug guş, resmi tumarynyň-da Bars boljakdygyny-da aýtmak gerek.

Türkmen sportçulary yglan edilen 16 sport görnüşinden 10-syna: köçe topuna, boksa, guşak göreşine, dzýudo, karatä, kureşe, ok atmaga, sambo, sport göreşine we taý boksuna gatnaşarlar.

Häzirki wagtda biziň türgenlerimiz we olaryň tälimçileri aldygyna Oýunlara taýýarlyk görýärler. Olara üstünlik we has köp ýeňiş arzuw edeliň.

“AA”-yň habarçysy