Ï Her bir öýe – “mawy ýangyç”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Her bir öýe – “mawy ýangyç”

view-icon 5061

Türkmenistanyň tutuş ilaty ulgamlaýyn turbageçiriji arkaly gelýän tebigy gazy ulanýan iň iri gaz öndüriji ýurtdur. Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi baradaky” Kanuny gaz pudagynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Şolardan biri-de Milli gazlaşdyryş maksatnamasynyň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi esasynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen ýaşaýyş jaýlardyr kommunal hojalyklaryň, senagat kärhanalarydyr beýleki edaralaryň gaz bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmakdyr. Ýurduň esasy gaz üpjünçilik ulgamy içerki sarp edijiler üçin bir bitewi gaz üpjünçilik ulgamydyr.

Milli oba meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde ýaşaýyş jaý gurluşygy ilaty agyz suwy, elektrik we tebigy gaz bilen üpjün ediş ulgamlarynyň döredilmegi bilen birlikde alnyp barylýar. Iň uzakdaky obalary-da öz içine almak bilen, ýurduň ähli sebitlerinde täze binalara gaz geçirijiler çekilýär. Gaz geçirijileriň gurluşygynda metal turbalar bilen birlikde, ýokary geçirijiligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýan ýurt içinde öndürilen dürli diametrli polietilen turbalar-da ulanylýar.

“Nebit we gaz” neşiriniň habar bermegine görä, şu ýylyň başyna çenli Mary welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk we gurnama müdirliginiň işgärleri “Watan” daýhan birleşiginiň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça işleri tamamladylar. Çekilen gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 10468 metre barabardyr. Şatlyk gaz paýlaýjy beket ýokary basyşly halkalaýyn gaz geçirijä berilýän gazyň esasy çeşmesidir.

Ýakynda bu neşir Lebap welaýatynda “mawy ýangyç” bilen üpjün edilýän täze ýaşaýyş toplumlaryna gaz çekmegiň işjeň alnyp barylýandygy barada maglumat çap etdi. Bu ugurda uly göwrümli işler “Lebapgazüpjünçilik” müdirliginiň “Döwletlietrapgaz” kärhanasynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Ýakynda gadymy Hatap obasyndaky hojalyklar üçin tebigy gaz elýeterli boldy – ol ýerde 6 kilometrlik gaz geçiriji guruldy.

Gazçylar gaz geçirijileriň ýokary ygtybarlylygyny üpjün etmek bilen, gaz geçiriji ulgamyň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň durnukly işlemegine uly üns berýärler. Mundan başga-da hünärmenler tebigy gazyň tygşytly we howpsuz ulanylmagy barada ilatyň arasynda düşündiriş we wagyz işlerini yzygiderli alyp barýarlar.

Ogulgözel Rejebowa