Ï «Meniň Watanym» Milli kinofestiwaly işleri kabul edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Meniň Watanym» Milli kinofestiwaly işleri kabul edýär

view-icon 4795

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Meniň Watanym» atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalyny geçirýändigini yglan edýär.

Oňa gatnşamaga – kinorežisýorlar, dramaturglar, operatorlar, öz zehinini görkezmek isleýän kinosenagatynyň işgärleri we muşdaklary çagyrylýar.

Onuň guramaçylary oňa gatnaşýanlaryň öňünde  gysga metražly filmde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň bermegi baş wezipe edip goýdular.

-Bäsleşige oba hojalgyyndan, nebit çykarylyşyndan  başlap, şäher düzümlerini, hususan-da, ak mermer  Aşgabadyň ösüşini beýan edýän temalar hödürlenilýär. 12-nji sentýabrda ýeňijijer yglan ediler, şol gün «Türkmenfilm» birleşiginiň iki kinopremýerasy görkeziler – diýip, çäräniň guramaçylarynyň biri, «Türkmenfilm» birleşiginiň ýolbaçysynyň  döredijlik taslamalary boýunça orunbasary Sahysalyh Baýramow gürrüň berýär.

Ilkinji wideoşekiller eýýäm kabul ediş toparyna gelip gowuşdy. Materiallaryň ählisi DVD-disklerde ýa-da fleşkada kabul edilýär.

Ygtybarly emin agzalary iň gowy kinorežisýor, iň gowy senariý, iň gowy kinooperatorlyk işi, iň gowy kinomontažçysy, filmiň iň gowy kompozitory we nakgaşy ugurlaryndan döredijilik işlerine garar, şol sanda bäsleşigiň Baş baýragynyň we emin agzalarynyň halan işiniň ýeňijisi saýlanar. 

                                                                       Swetlana Çirsowa