“Ahalyň” futbolçylary AFK-2021 kubogy ugrundaky ýaryşyň 25-nji awgustda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen Karşy şäherinde garşydaşyň meýdançasynda geçiriljek zolaklaýyn tamamlaýjy tapgyryna taýýarlygyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy bilen (23 ýaşa çenli) iki synag oýnuny geçirdi.
“Ýaşlar topary” bilen geçirilen ilkinji duşuşykda “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň topary 3 : 1 hasaby bilen ýeňiş gazandy, ikinjisinde bolsa 2 : 2 hasaby bilen deňme-deň oýnady.
“Ahal” şu ýyl AFK kubogynyň Merkezi zolagynyň finalyna ilkinji gezek çykdy. Türkmenistanyň wise-çempiony bu üstünlige Bişkekde geçen “E” topary boýunça saýlanma ýaryşynda ýeňiş gazanyp, Täjigistanyň kubogyna mynasyp bolan Kulyab etrabynyň “Rawşan” toparyndan 3 : 1, Gyrgyzystanyň 12 gezek çempiony “Dordoý” toparyndan bolsa 2 : 0 hasabynda üstün çykmak bilen ýetdi.
AFK-2021 kubogynyň zolaklaýyn finalynda “Ahal”-yň bäsdeşi Duşanbede “F” toparynda geçirilen başga bir saýlanma ýaryşyň netijesi boýunça kesgitlendi, bu ýaryşda Gyrgyzystanyň “Alaý” (4 : 0), Täjigistanyň “Hujand” (3: 0) we Türkmenistanyň “Altyn Asyr” (2 : 0) toparlaryndan üstün çykan Özbegistanyň wise-çempiony “Nasaf” öňde barýardy.
“Nasaf” futbol kluby 1986-njy ýylda Karşyda döredildi. Topar Özbegistanda (“Pahtakor” we “Bunýodkor” bilen bir hatarda) iň meşhurlardan biridir. Nasaf 2015-ni ýylda Özbegistanyň kubogyna, 2016-njy ýylda Özbegistan Super kubogyna mynasyp bolan, 2011-nji ýylda bolsa AFK kubogyny gazanan ýeke-täk özbek klubudyr. Şeýle hem Nasaf, AFK-nyň “Fair Play” baýragynyň iki gezek ýeňijisidir.
“Ahal” we “Nasaf” toparlary öň hiç haçan duşuşmady.
Ilkibaşda AFK kubogynyň 2021-nji ýylyň Merkezi zolak finalynda toparlaryň 11 we 25-nji awgustda özüniň we garşydaşynyň meýdanynda iki oýun oýnamagy meýilleşdirilipdi. Emma soňra Aziýa Futbol Konfederasiýasy Karşyda ýeňijisi AFK Kubogy-2021-iň sebitara finalynda oýnajak bir oýun geçirmek kararyna geldi.
AFK kubogy Aziýada ähmiýeti boýunça ikinji ýerde duran klub ýaryşydyr. Bu kubogyň ýeňijisi 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda belli bolar.
“AA”-nyň habarçysy