Merkezi Azia döwletleriniň Baştutanlarynyň golaýda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Konsultatiw duşuşygynda kabul eden maliýe ulgamyny we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge degişli çözgütleri türkmenistanly senagatçylarda we telekeçilerde işe has yhlasly çemeleşmäge höwes döretdi.
Döwlet Baştutanlary duşuşykda sebitde ýerleşýän ýurtlaryň bäştaraplaýyn Senagatçylar we telekeçiler geňeşini döretmegiň zerurlygyny beýan etdiler. Sammitiň jemleýji resminamasynda: «Täze kollegial edara söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we innowasion ugurlarda sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga sistemalaýynlyk hem-de maksadaokgunlylyk bermek üçin dörediler» - diýilýär.
— Bu çözgüt diňe telekeçiligi ýöretmegi ýeňilleşdirmän, eýsem goňşy ýurtlardaky kärdeşlerimiz bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga-da täze mümkinçilikler döreder – diýip, telekeçi Batyr Awdyýew gürrüň berýär. Şu çözgüt bilen baglylykda ulag-logistika meselesine hem garlady. Bu bolsa telekeçilik bilen iş salyşýanlara harytlary ulaglaryň dürli görnüşlerinde daşamaga mümkinçilik döredýär.
Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Senagatçylar we telekeçiler geňeşini döredilmek – döwrüň talabydyr. Muňa belli bir derejede dünýädäki pandemiýa hem sebäp boldy. Käbir mejbury ykdysady üzňelik, ulag-üstaşyr gatnaşyklaryň çäklendirilmegi sebitdäki ýurtlaryň ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýär. Bu hem ýokary derejede MA ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam etjek gaýragoýulmasyz we zerur çözgütleri kabul etjek Geňeş döredilmeginiň zerurlygyny ýüze çykardy.
Döwlet Baştutanlary Konsultatiw duşuşykda şeýle hem sebitiň ýurtlaryny we beýleki maýadarlary birleşdirýän meýdança hökmünde «Astana» Halkara maliýe merkezini ulanmaga ylalaşdylar. Mundan başga-da, MA liderleri BMG-nyň howandarlygynda özara ulag-kommunikasiýa baglanşygy ösdürmegiň Sebit merkezini döretmek baradaky orta atylan teklibi goldadylar. Bu meselede ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýükleriň päsgeçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Telekeçilik babatda bu merkeziň işi bilen tanyş gazagystanly telekeçi Alkesandr Pirekow şeýle diýýär:
— «Astana» Halkara maliýe merkeziniň (AHMM) Merkezi Aziýa, Kawkaz, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlarynyň, Günbatar Hytaýyň, Mongoliýanyň ykdysadyýetlerini baglanyşdyryp, telekeçilik hem-de maliýe sebit merkezi hökmünde uly ähmiýeti bar.
AHMM dolandyrmak boýunça Geňeşiň hatarynda J. Frenkel (JP Morgan Chase Intl. Başlygy), S. Çakrabarti (ÝÖAB-nyň Prezidenti), G. Gref) Russiýanyň Süýşürintgiler bankynyň Başlygy), A. Wolož (Yandex N.V. baş direktory), B. Hajar (Yslam ösüş banky Toparynyň Prezidenti) we J. Monako (Citigroup hökümet we döwlet pudagy ählumumy toparynyň Baştutany) bar.
Häzirki güne çenli AHMM-nyň maliýe hyzmatlaryny düzgünleşdirmek boýunça Komiteti AHMM gatnaşyjy hökmünde dünýä ýurtlarynyň 42-sinden 502 kompaniýany hasaba aldy.
AHMM meýdançasynyň, şol sanda geleşikleri düzümleşdirmek we maliýe meýdançasyny ulnamak meseleleri boýunça berýän amatly şertleri eýýäm AHMM gatnaşyjylara maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklara köp möçberde maýa goýumlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda AHMM meýdançasynyň, BMG-nyň howandarlygynda ulag-kommunikasiýa özara baglanşygy ösdürmegiň, Sebit merkeziniň we beýleki sebit Maksatnamalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak – döwrüň derwaýys talaby. Şonuň üçinem telekeçileriň umydy düşnüklidir. Indi bellenilenleri iş ýüzünde amal etmek gerek.
“AA”-nyň habarçysy