«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2024» halkara sergisinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Görkezilişe gatnaşanlaryň arasynda eýýäm Türkmenistan bilen işleýänler hem, ýurdumyzyň bazaryna ilkinji gezek girýänler hem bar.
Şeýle kompaniýalaryň biri, elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna ýöriteleşen uly kompaniýa topary bolan Hytaýyň energetika inžiniring korporasiýasydyr («China Energy Engineering Corporation»). «Energy China» kompaniýasy 11 ýyl yzygiderlilikde «Fortune 500» sanawyna girizildi we «A + H» gazna bazarlarynda hasaba alyndy.
Kompaniýa Gazagystan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa döwletleri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar, energetika düzümlerinde toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär, fotoelektrik energetikasy, garyşyk tapgyrly gaz elektrik stansiýasyny we gurluşyk materiallary öndürmek ýaly ugurlarda taslamalary durmuşa geçirýär.
«Energy China» kompaniýasynyň wekili Song Tengçao Aşgabatda geçirilen sergide öz guramasynyň «ýaşyl» energiýa pudagynda bäsleşikde ýeňiş gazanandygyny we indi Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen hyzmatdaşlyga başlajakdygyny habar berdi.
– Siziň ýurduňyzda düzümler çalt ösýär, biz hem pes uglerodly energetika öwrülişigine, Hytaýyň synaglardan geçen tehnologiýalaryny we tejribesini ulanyp, Türkmenistanda hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam ederis – diýip, ol nygtady.
2021-nji ýylyň mart aýynda ýurdymyzda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri barada» Kanunyň güýje girendigini bellemek möhümdir, ol Gün we ýel ýaly alternatiw çeşmelere esaslanýan elektrik öndürmek üçin innowasion taslamalary ösdürmäge şert döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň iýulynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 MWt ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlandy, bu bolsa Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek islegini nygtaýar.