Ï BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

view-icon 6268

Wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen hökümet mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Yorkda işe başlajak nobatdaky, 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary kesgitlendi.

Mejlisde şu mesele boýunça Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etmek bilen, bu resminamanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleri esasynda işlenip düzülendigini we birnäçe wajyp ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy. Şolaryň biri-de global howpa – täze görnüşli howply ýokanç kesele garşy göreşde, şeýle hem onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady zyýanly netijeleri iň pes derejä düşürmek ugrunda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny bir ýere jemlemekdir. Şu nukdaýnazardan, ýurduň baştutany tarapyndan ozal öňe sürlen başlangyçlary we anyk teklipleri durmuşa geçirmek üçin çäreler görler. Ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, pnewmoniýa bilen göreşde BSGG-niň köptaraplaýyn mehanizmini ýola goýmak, koronawirus ýokançlygynyň genlerini öwrenmek üçin, BSGG-niň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek, BSGG-niň bejeriş usulyýet merkezini döretmek we ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, şeýle hem Merkezi Aziýadaky epidemiologiýa, wirus we bakteriologiýa merkezini döretmek şol teklipleriň käbiridir.

Häzirki zaman şertlerinde bütindünýä parahatlygy we howpsuzlygy berkitmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirip, öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça-da iş alnyp barlar. Merkezi Aziýanyň häzirki zaman dünýä syýasatynda esasy ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem sebitde bolup geçýän özgerişleri bütindünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak üçin, türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli rezolýusiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemegi teklip edýär. Bu resminama 6-njy awgustda biziň ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň maslahat ýygnagynda aýdylan halkara teklipleriň BMG-niň çarçuwasynda ýol almagy üçin amatly şertleri döreder.

Mundan daşgary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde “Merkezi Aziýa – Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürmek-de teklip edilýär. Şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde ony kanun taýdan berkitmek maksada laýyk bolup görünýär.

Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda terrorçylyga garşy göreş hem bellenendir. Şunuň bilen baglylykda, Milletler Bileleşigine Aşgabatda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň Halkara taslamalary boýunça edarasyny açmak meselesine garamak-da teklip ediler. Türkmenistan dünýä we sebit derejesinde durnukly ösüşi gazanmak üçin, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzasy bolmak bilen, biziň ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek üçin, BMG-niň ýöriteleşdirilen sebit bölümleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär. Bu jähetden, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň başlyklygynyň çäginde biziň ýurdumyz BMG bilen EKO-nyň arasyndaky özara gatnaşyklar barada Baş Assambleýanyň Kararynyň taslamasyny taýýarlady.

DÖM-leriň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň “Hemmeler üçin durnukly energetika” diýen başlangyjy bilen bilelikde bu mesele boýunça Halkara forum geçirmek teklip edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag pudagyndaky teklipleriniň ýerine ýetirilişiniň çäginde 2022-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykyşy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda sebitara ulag aragatnaşygyny ösdürmek üçin, Ýörite maksatnama döretmegi teklip etmek maksada laýyk görünýär. Şeýle hem, BMG-niň çarçuwasynda az uglerodly energetikany ösdürmegiň strategiýasyny taýýarlamak we wodorod energetikasyny ösdürmek üçin, halkara “ýol kartasy” boýunça ýurduň Lideriniň başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça maksatnamasy (UNIDO), Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasy (UNEP) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklip edilýär.

Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň işine gatnaşygyny giňeltmek-de meýilleşdirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň we Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy hökmünde mümkinçiliklerinden aňrybaş netijeli peýdalanmak, şeýle hem onuň ÝUNESKO-nyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin gidrologik halkara maksatnamasynyň hökümetara geňeşine saýlanmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläninden soň, Türkmenistanyň hem köptaraplaýyn, hem-de ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalarynyň çäginde-de konstruktiw hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny nygtady.

«Ýurdumyz BMG bilen ýylsaýyn täze mazmun bilen üsti ýetirilýän köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Muňa goşant goşmak Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryndaky anyk başlangyçlarynyň tebigatynda bardyr», diýip ol aýtdy.

Ýurt Baştutany R. Meredowa BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýakyn wagtda geçiriljek 76-njy mejlisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna guramaçylykly taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň ileri tutýan wezipeleri, halkara başlangyçlarynyň ilerleýşine dgişli maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmek barada görkezme berdi.