Ï Çagalar we ýetginjekler köşgi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar we ýetginjekler köşgi

view-icon 18921

Paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgi täze 2021- 2022-nji okuw ýyly üçin okuwçylary kabul etmegini dowam edýär. Iri okuw we medeni merkezi däp bolşy ýaly, okuwçylar üçin giň görnüşli ugurlar boýunça sowat öwretmegi tölegsiz esasda hödürleýär.

Öňümizdäki okuw ýylynda Çagalar we ýetginjekler köşgünde tutuş 26 dürli-dürli gurnaklar hereket eder. Olardaky ugrukdyryjy hünärler — bu diňe çagalar üçin goşmaça sapaklar bilen çäklenmeýär. Gurnaklar bu hemişe döredijilikli we şahsy ösüşiň, arkalaşykly işde aragatnaşyk saklamagyň ajaýyp şertidir. Mundan başga-da toparlar ýokary hünärli mugallymlaryň gatnaşmagynda gyzykly we akyl ýetiriş sapaklaryna gatnaşarlar. Şeýle-de Çagalar we ýetginjekler köşgüniň okuwçylary köpçülikleýin medeni çärelerede, paýtagtymyzda geçirilýän zehinli çagalaryň döredijilik toparlaryna-da işjeň gatnaşarlar.

Hödürlenýän okuw ugurlaryň giň sanawyndan her bir okuwçy öz göwnüne jaý bolan tälim almaga mümkinçilik alar. Döredijilikde ösmäge ymtylýan çagalar öz isleglerine görä — tans ýa-da teatr gurnagyna, halk gurallary gurnagyna, çeper okaýyş, surat çekmek, binagärlik gurnaklaryna ýazylyp bileler.

El hünäri bilen gyzyklanýanlar «Çeper eller» gurnagynda haly dokamak, keşde çekmek, örüm işleri, biçim-tikin işlerini öwrenerler. Dilleri, tehniki ylymlary öwrenmäge meýilli çagalar üçin türkmen, iňlis, rus dilleri, kompýuter boýunça sowat almaga we ş.m. gurnaklar işlär.

Tans gurnagyna mekdep ýaşyna ýetmedikler hem gatnaşyp bilerler, ol bäş ýaşly çagalar üçin hem açyk. Beýleki galan gurnaklara mekdep ýaşly çagalar alty ýaşdan başlap we ondan ýokary ýaşlylar kabul ediler. Mekdepde we gurnakdaky goşmaça sapaklaryň biri-birine gabat gelmezligi üçin sapaklar iki çalyşma usulynda geçiriler.

Çagalar we ýetginjekler köşgüne okuwa kabul edişlik şu ýylyň onunjy sentýabrna çenli dowam eder

Goşmaça habarlary şu telofonlardan alyp bilersiňiz: 27-54-43, 2754-44.