Ï Mekdebe esger we mugallym Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdebe esger we mugallym Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy

view-icon 6049

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatyndaky Babarap obasynyň ýaşaýjylarynyň köp sanly haýyşy boýunça, şeýle hem Gökdepe etrap we Ahal welaýat häkimlikleriniň haýyşyny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 42-nji orta mekdebe obadaşlary Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Mundan başga-da, oba okuwçylarynyň täze okuw jaýy “ýöriteleşdirilen mekdep” derejesini aldy.

Şu gün, ýagny bilimler güni ir ertirden, ene-atalarynyň ellerinden tutup, bu mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejekler we onuň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşanlar – mekdep işgärleridir mugallymlar mekdebe tarap tirkeş gurap ugradylar. Açylyş dabarasyna hormatly myhmanlar hökmünde jemgyýetçilik wekilleri, hormatly weteranlar we obanyň hem welaýatyň aksakgallary çagyrylypdyr. Ýöne obadaşlar Annak Sähetmyradowyň gyzy D. Orazdurdyýewa aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Dabaraly ýygnak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy.

Soňra kärdeşlerini, obadaşlaryny we okuwçylaryny gutlamak bilen, 32-nji mekdebiň matematika mugallymy A.Töňňäýew çykyş etdi. Etrabyň 31-nji mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy D. Rejebowyň çykyşy hem ýygnananlar tarapyndan tolgunma bilen gyzgyn garşylandy. Kakasy, onuň söweş ýoly we köp ýyllyk mugallymçylyk işi barada A. Sähetmyradowyň gyzy D. Orazdurdyýewa gürrüň berdi.

Mekdebiň açylyş dabarasy ýurduň Prezidentiniň adyndan birinji synp okuwçylaryna sowgat – kompýuter gowşurylmagy bilen tamamlandy.

Birinji synp okuwçylary-da, çäräniň myhmanlary-da mekdep jaýy bilen höwes edip tanyşdylar. Olar döwrebap pedagogik tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan informatika, biologiýa, himiýa boýunça ýörite synp otaglary bilen tanyşdylar, lingafon otaglaryna-da baryp gördüler.

«AA»-yň habarçysy