Türkmenistan baýrama taýýarlanýar

eye
492
Türkmenistan baýrama taýýarlanýar

Türkmen halkynyň dabaraly ýagdaýda ýurt Garaşsyzlygynyň baýramyny bellejek pursadyna sanlyja gün galdy.

Bu gün Türkmenistan öz milli baş başýramyny pugta binýatly, ýeterlik ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikli, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklarynda uly möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan, bäsdeşlige ukyply döwrebap döwlet hökmünde garşylaýar.

Türkmenistan öz ösüş ýoluna juda agyr ykdysady we durmuş şertlerinde başlapdy, SSSR-iň düzüminde ençeme ýyl bolan ýurduň ykdysadyýeti çig mal öndürmäge gönükdirilendi, tebigy serişdeleri ekstentiw özleşdirilýärdi. Respublikanyň özünde öndüriläýmeli harytlaram daşyndan getirilýärdi.

Indi Türkmenistan ýurduň ykdysady ösüş derejesini häsiýetlendirýän ilatyň jan başyna düşýän IJÖ-iň möçberi boýunça döwletleriň birinji ýüzlügine girip, HWG-nyň we BB-nyň görkezijisinde sebitdäki goňşularyndan öňe geçýär.

Türkmenistan köpmilletli ýurt. Ýurtda 40-dan gowrak milletiň wekilleri agzybir ýaşaýarlar. Garaşsyzlyk baýramy ähli halklaryň we halkyýetleriň baýramy.

Garaşszylygyň 30 ýylynda paýtagtymyzyň, şäherlerdir obalaryň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, ol ýerlerde ilat üçin amatly ýaşaýyş jaýlary, täze mekdeplerdir çagalar baglary, Medeniýet we dynç alyş köşkleri, muzeýler we kitaphanalar, sport we sagaldyş merkezleri gurulýar.

Paýtagtymyzyň merkezi köçelerinde «Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy» ýazgyly dürli görnüşli baýramçylyk nyşanlary oturdylan, baglardyr seýilgähler tertibe salnan. Ýurduň beýleki şäherleri-de baýrama taýýarlanýarlar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik medaly döredildi, däp bolşy ýaly, baýramyň öňüsyrasy döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda tapawutlananlar bu medal bilen sylaglanarlar.

 «AA» habarçysy