Ï Türkmenistanly talyp «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň grantyna mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyp «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň grantyna mynasyp boldy

view-icon 8777
Türkmenistanly talyp «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň grantyna mynasyp boldy

Düşenbe güni Orenburgda «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň ýapylyş dabarasynda Russiýanyň Ýaşlaryň işi boýunça federal agentliginiň ýaşlar taslamalarynyň Bütinrussiýa bäsleşiginiň we A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasynyň grant bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Foruma jemi 78 teklip geldi, taslamalaryň 34-si bilen bäsleşigiň bilermenleri göni tanyşdyryldy.

-Taslamalar açyk goralanda foruma gatnaşan Russiýanyň sebitleriniň 12-siniň wekillerinden 15-si jemi 10 million rubl grant almaga teklip sertifikatyny aldylar. A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasy daşary ýurtlylar üçin grant bäsleşigini geçirdi, onuň çäklerinde jemi 2 million 200 müň rubla barabar taslamalaryň 9-sy goldanyldy» - diýip «Евразия Global» Halkara ýaşlar forumynyň metbugat gullugynda žurnalistlere habar berildi.

Bäsleşige gatnaşan daşary ýurtlylardan Yragyň, Hindistanyň, Türkmenistanyň, Moldowanyň, Meksikanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri maliýe goldawyny aldylar. Olaryň taslamalary 90-dan gowrak taslamadan iň gowulary diýlip ykrar edildi. Ýeňijileriň hersi 300 müň rubldan dört we 200 müň rubldan bäş grant aldylar.

Türkmenistandan Orenburg döwlet uniwersitetiniň talyby Aziza Hemraýewa hem ýeňiş gazandy. Ildeşimiz «Международный образовательный лагерь «New Young Way» taslamasyny teklip etdi. Taslamany durmuşa geçirmäge 200 000 rubl berildi.

«Евразия Global» forumy 2-8-nji sentýabr aralygynda Orenburg oblastynda altynjy gezek geçirildi. Oňa Russiýanyň sebitlerinden göni 500 adam we 77 ýurtdan jemgiýetçilik pikirleriniň ýaş liderleriniň 1500-den gowragy onlaýn görnüşde Orenburgda geçirilen çärelere syn etdiler. Foruma jemi dünýä ýurtlarynyň 106-synyň wekilleri gatnaşdylar.

Forum federal derejeli ýedi forum meýdançalarynyň hataryna girýär. Forumda daşary ýurtly we ýerli gatnaşyjylar üçin iki grant bäsleşigi geçirildi. Ýaşlaryň işi boýunça Federal agentliginiň grant bäsleşigine «Meýletinlik», «Sport, SDÝ, syýahatçylyk», «Dörediji ýaşlaryň başlangyçlary», «Ýaşlaryň arasynda ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak we milletara gatnaşyklary», «Talyplar başlangyçlary», «Watanperwerlik terbiýesi», «Ýaşlar mediasy», «Maşgala gymmatlyklaryny berkitmek» ugurlary boýynça 70 teklip berildi.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow