Ï Ýarym asyrdan soň: «Magtymguly» filminde Meňliniň keşbini döreden zenan barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýarym asyrdan soň: «Magtymguly» filminde Meňliniň keşbini döreden zenan barada

view-icon 17424
Ýarym asyrdan soň: «Magtymguly» filminde Meňliniň keşbini döreden zenan barada
Ýarym asyrdan soň: «Magtymguly» filminde Meňliniň keşbini döreden zenan barada
Ýarym asyrdan soň: «Magtymguly» filminde Meňliniň keşbini döreden zenan barada
Ýarym asyrdan soň: «Magtymguly» filminde Meňliniň keşbini döreden zenan barada

2008-nji ýylda paýtagtymyzda «Nejmeddin Kubra we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly Halkara maslahat geçirildi. Oňa türkmen alymlary bilen birlikde tutuş dünýäden türkmen medeniýetiniň gözbaşyny öwrenýän alymlar gatnaşdylar. Pakistandan foruma gatnaşan Ahtar Jamal türkmen halkynyň medeni mirasy hakda gürrüň edende 1969-njy ýylda režisýor Alty Garlyýewiň «Magtymguly» filminiň özüne güýçli täsir edenligini belledi. Onuň baş gahrymanlarynyň keşbini döreden Hommat Müllügiň hem-de Güljan Döwletmyradowanyň ussatlygy netijesinde ol beýik Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen gyzyklanyp başlaýar.

* * *

Teatr we kino sungatynyň muşdaklary Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Hommat Müllük barada köp zat bilýän bolsalar-da, filmden soň tomaşaçylaryň gözünden gaýyp bolan Güljan Döwletmyradowanyň ykbaly hakda köp zat bilmeýän bolsalar gerek.

Güljan Döwletmyradowa 1948-nji ýylda Balkan wealýatynyň Serdar etrabynyň Pürnuwar obasynda dogulýar. Gözleri goçak, uzyn saçly, alçak, hoş owazly gyz mekdepde okaýarka çeper höwesjeňler toparyna we sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşypdyr.

1965-nji ýylda oba mekdebini tapawutlanyp tamamlan Güljan Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew we belli filolog Ogulgerek Şageldiýewa hem onuň bilen bile okapdyrlar.

Ikinji ýyl talyby wagty bolan bir waka oba gyzynyň durmuşyny özgerdýär. Uniwersitetde Alty Garlyýewiň kömekçisi bilen bolan duşuşykda ol türkmen kino ussadynyň Magtymguly Pyragy barada film düşürýändigini, isleg bildirýänleriň köpçülik sahnalaryna gatnaşyp, şeýle hem gelşikli talyp gyzlaryň şahyryň magşugynyň keşbini döretmäge synanşyk edip biljekdiklerini aýdýar.

Güljan we onuň joralary üçin kino düşürilişi üýtgeşik dünýädi, şonuň üçinem olar uzak eglenmän aktýrolar saýlanylýan kinostudiýa gitdiler. Olar üçin belli režisýory ýakyndan görmek, artistleriň saýlanylyşyna syn etmek aýratyn täsirlidi. Synaglar dowam etse-de, Alty Garlyýewiň ýiti nazary eýýäm Güljanda eglenipdi, ýöne ol pikrini aýtmaga howlugmaýardy.

Synagdan on gün soň kinorežisýoryň hut özi uniwersitete gelip, Güljana Meňliniň keşbini döretmegi teklip edýär.

Elbetde, duýdansyz teklip ony haýrana goýdy. Ol Alty Garlyýew we dürli keşpleri ýerine ýetirmeli tanymal artistler kömek etse, surata düşmäge razylygyny aýdýar.

Film hakykata laýyk geler ýaly Gökdere jülgesinde we Hazaryň kenarynda surata düşürilýärdi.

Güljana Meňliniň keşbi ýeňil düşmeýärdi. Daşyndan agras görünýän kinorežisýor talapkärdi, diňe bir ilkinji gezek kino düşýänleriň däl, eýsem käte tanymal artistleriň işindenem nägile bolýardy. Güljan kem-kemden beýik şahyryň ýüregini eýelän türkmen gyzynyň keşbini döretmegiň syrlaryny ele alýardy, dogrusy onuň özi hem şol sebitlerde doglupdy.

Güljan bilen birlikde filmde Muhammet Çerkezow, Söýün Amangeldiýew, Aman Gurbandurdyýew ýaly belli aktýorlar, ýaş bolsa-da eýýäm tanalyp ugran Liza Garaýewa we Ata Alowow ýaly artistler surata düşýärdiler. Gülnabat Aşyrowa bilen Gözel Hajyýewa dagy bu filmde ilkinji gezek surata düşüpdiler, olar şondan soň Moskwanyň abraýly teatr mekdeplerine okuwa giripdiler.

Filmi surata düşürmek işleri şowly tamamlandan soň Alty Garlyýew oňa gatnaşan artistleriň ählsine minnetdarlyk bildirýär. Indi filmiň käbir tehniki işleri galypdy.

Güljan Döwletmyradowanyň häzir Balkanabat şäherinde ýaşaýan uýasy Ogulhally Mämiýewa ony ýatlap şeýle diýdi:

- Güljanyň Meňliniň keşbini döredýändigine hemmämiz begenýärdik. Onuň özem kinopremýera sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Men onuň maňlaýyna daňan ýaglygyny we baýram mynasybetli gutlagly bukjasyny saklap ýörün. Güljan tutuş obamyzyň buýsanjyna öwrülipdi. Ýöne filmiň premýerasyny görmek oňa miýesser etmedi. Onuň ömür tanapy ir kesildi.

* * *

«Magtymguly» filmi uludan-kiçi tomaşaçylaryň ählisiniň söýgüsini gazandy. Ol Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän ilkinji filmdi. Türkmen kinosynyň altyn gaznasyna giren bu kinolenta häzirem ähmiýetini ýitrimän gelýär.

Meretgylyç Ýagmyrow, 
žurnalist