Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

eye
406
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda Änew şäherinde Ahal welaýatynyň Döwlet arassaçylyk gullugynyň tabşyrygy boýunça gurlan ýokary amatlykly dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanmaga berildi.

Dabara Ahal welaýatynyň we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň wekilleri, şäheriň ýaşaýjylary, gurluşykçylar gatnaşdylar. Çykyş edenler paýtagtymyzda ulanmaga berilýän her bir öýüň Prezidentimiziň halk, adamlaryň abadançylygy barada aladasynyň subutnamasydygyny bellediler.

Binalary guran «Sahabat gurluşyk» hususy kärhanasynyň baş inženeri Döwlet Hommadow iki ýylda dokuz müň inedördül metre golaý jaýlaryň gurlandygyny belledi. «Sahabat gurluşyk» HK jaýlaryň taslamasyny taýýarlanda we olary bina edende pudakda gazanylan ýerli hem-de dünýä tejribesinden peýdalanýar.

Otaglary amatly ýerleşdirilen täze jaýlarda döwrebap gapylar we penjireler oturdylan, oňaýly mebeller bar.

Kuwwatlylygy 630 kilowat transformator kiçi beketleri jaýlary elektrik energiýasy bilen üzünksiz üpjün eder.

Täze jaýlara göçüp baranlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa adamlaryň abadançylygy, eziz Diýaryň gülläp ösmegi üçin edýän aladasy üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Roman Teplýakow 
Surata düşüren: Meretdurdy Rozyýew