Ï Demirgazyk sebiti ýygymyň başlanmagyna taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demirgazyk sebiti ýygymyň başlanmagyna taýýar

view-icon 2494

Türkmenistanyň demirgazyk sebiti pagta ýygymyna taýýar. Zerur oba hojalyk tehnikasyny, şol sanda dünýä belli “John Deere” kysymly 200-den gowrak ýokary öndürijilikli kombaýny öz içine alýan uly park doly taýýarlyk ýagdaýyna getirilipdir. Pagta daşamaga 1790 ýük awtoulagy we tirkegli traktorlar taýýar.

Täze möwsüme “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary hem üstünlikli taýýarlanypdyrlar. Bu kärhanalarda, zerurlyga görä, siklon toparlarynyň enjamlary, turbageçirijiler, çig mal ammarlary we ýükleme-düşürme meýdançalary abatlanypdyr. Özi-de, çig pagtany gaýtadan işlemek tehnologiýasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmak, howanyň we çig malyň toprakdyr mineral tozan bilen hapalanmagynyň öňüni almak, çig mal ammarlarynyň we ýükleme-düşürme meýdançalarynyň bolmaly ýagdaýyny üpjün etmek meselelerine köp üns berlipdir.

Şu ýyl ýurduň demirgazyk sebitinde gowaça ekini 155 müň gektar meýdany eýeledi, bu ýerlerde “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “149 F” ýaly ýerli toprak we howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmek üçin iň amatly orta süýümli pagta görnüşleri ýetişdirilipdir. Olar dokma senagatynyň häzirki zaman talaplaryna, şol sanda berklik we süýümiň ortaçalygy boýunça talaplaryna-da laýyk gelýärler.

Daşoguz welaýatynda bu gymmatly çig malyň iň iri öndürijisi bolmaga otuz iki müň gektardan gowrak meýdany eken S. Türkmenbaşy etraby dalaş edýär. S. A. Nyýazow, Köneürgenç we Akdepe etraplary-da pagta önümçiligine saldamly goşant goşarlar.

Batyr Öräýew