Ï Türkmen KHS-iň internet çeşmeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen KHS-iň internet çeşmeleri

view-icon 6801

Okgunly ösüp barýan sanly tehnologiýalar eýýamynda Internet iň elýeterli maglumat çeşmesi bolmagynda galýar. Häzirki zaman hörpüne eýermek bilen, Türkmenistanyň neşir edilýän köpçülikleýin habar serişdeleri-de sanly formata geçdi. Indi bir gazetiň, edebi, ylmy ýa-da sport žurnalynyň iň täze sanyny okamak üçin, gazet dükançasyna ylgamak hökman däl.

Islendik kompýuterden ýa-da smartfondan ýörite döredilen maglumat platformalaryna geçmek ýeterlikdir, bu ýerde ýurtda çap bolýan döwürleýin neşirleriň köpüsini PDF görnüşinde göçürip alyp bolýar.

“Metbugat merkeziniň hyzmatlary” internet çeşmesi okyjylara halkara žurnalyň hepdelik elektron goşundysyny, “Türkmenistan Sporty”, şeýle hem “Türkmenistan”, “Neýtralnyý Turkmenistan” ýaly gündelik gazetleri we başgalary hödürleýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda ýurduň daşary syýasaty bilen baglanyşykly halkara habarlar internet-gazetiniň sanlary neşir edilýär. Ýörite materiallar we neşirler “Türkmenmetbugat” web saýtynda ýerleşdirilendir, poçta aragatnaşygy şereketi “Türkmenpoçta” bolsa gazet-žurnallara internet üsti bilen ýazylmagy teklip edýär.

Gazet-žurnallaryň sanly görnüşe geçmegi döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňe süren wezipeleriniň birini ýerine ýetirmekdir. “Türkmenaragatnaşyk” gullugynyň hünärmenleri bu işi amala aşyrmagyň degişli tertibini işläp düzdüler, içerki maglumat bazarynda bäsdeşlik gurşawyny döredýän we dünýä media giňişligine girmegi işjeňleşdirýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlaşdyrmagyň dünýä tejribesini öwrendiler.

Swetlana Çirsowa