Ï Ulag-logistika amallarynda «Bar bir ýerden» guralynyň ösdürilmegi –Aşgabatda geçirilen halkara seminaryň tematikasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag-logistika amallarynda «Bar bir ýerden» guralynyň ösdürilmegi – Aşgabatda geçirilen halkara seminaryň tematikasy boldy

view-icon 2199

Aşgabatda ÝHHG-nyň guran onlaýn seminarynda ulaglary dolandyrmagyň netijeliligni ýokarlandyrmagyň we ulag howpsuzlygyny berkitmegiň guraly hökmünde gümrük hem-de ulag amallaryny döwrebaplaşdyrmagyň öňdebaryjy usuly hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezinde habar bermeklerine görä, çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiiň, Döwlet gümrük gullugynyň, döwlet ulag agentlikleriniň we beýleki esasy ministrlileriniň hem-de döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni Gruziýadan we Russiýa Federasiýasyndan halkara bilermenleriniň iksiniň gatnaşmagynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi gurady. Onda sanly tehnologiýalary we intellektual ulag ulgamlaryny ulanmagyň, ulag hem-de üstaşyr amallary sazladyrmagyň we pandemiýa döwri logistik ulgamlaryň durnukly hem-de howpsuz işlemegini üpjün etmegiň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Bilermenler ulag-logistika amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň guraly hökmünde «Bary bir ýerden» düzgüniniň netijeli ulanylmagynda halkara tejribesi barada gürrüň berdiler.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi 2008-nji ýyldan bäri ulag, söwda we beýleki garyşyk ugurlarda okuwlary guramak arkaly Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär.

«Bary bir ýerden» -- raýatlar we telekeçilik üçin hyzmatlary teklip etmegiň tehnologiýasyny aňladýan adalgadyr. «Bary bir ýerden» tehnologiýasy raýatlaryň we telekeçileriň mejbury gepleşikleriniň wagtyny azaltmagy maksat edinýär, onda arza bermekden başlap, ýerine ýetiriji ýa-da beýleki edaranyň çözgüdini bermäge çenli islendik hyzmat bir ýere jemlenýär.

Bu tehnologiýa ulanylanda arza beriji häkimýet edarasyna çözgüde gelmek üçin juda az resminama tabşyrýar.

«Bary bir ýerden» düzgüni importa, eksporta we üstaşyr geçelgä degişli talaplaryň ählisiniň ýerine ýetirilmeri üçin zerurdyr.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow