Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: Haýrabatda biten alma agajy

eye
13779
Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: Haýrabatda biten alma agajy

Türkmenistanyň tebigaty özboluşly we geň galdyryjy derejede ajaýypdyr. Tebigy ýadygärlikler syýahatçylary özboluşly aýratynlyklary bilen haýrana goýýar. Ösümlik dünýäsi ýabany miwe we hoz tokaýlaryndan, dag eňňitlerindäki arça tokaýlaryndan, seýrek agaçly we gyrymsy ösümlikli tropik zolaklardaky selçeň pisse tokaýlaryndan, sazak tokaýlaryndan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da dürli haýwanat dünýäsi - Merkezi Aziýa alajagaplaňlary, argalylar, gulanlar, jerenler syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde ajaýyp dag gerişlerinden başlap, jansyz çöl çägelerine, ýaşyl oazislerden başlap, seýrek haýwanlary we ösümlikleri bolan subtropiklere çenli jadylaýjy manzaradyr.

Günbatar Türkmenistanyň hemişe jansyz we adatdan daşary ýowuz hasaplanýan tebigaty köp ajaýyp açyşlara baýdyr. Bitgisiz üsti tekiz belentlik, daglyklar, deňiz kenaryndaky çägeli düzlükler her bir adamy ajaýyp tebigy ýadygärlikler bilen garşy alýarlar. Nebit diňleriniň we palçyk wulkanynyň ülkesinde taryhdan öňki haýwanlaryň: pilleriň we düýeleriň galyndylary tapylypdyr, gadymy adamyň düşelgesini we neolit döwrüniň çakmak gurallaryny görmek we gowaklara baryp, gaýyp bolan derýalaryň we süýji suwly kölleriň ugry bilen gezim etmek bolýar. Bu gün biz az öwrenilendigi sebäpli, bu syrly ülkäniň ajaýyp tebigy hadysalarynyň diňe käbirleri hakda gürrüň bereris.

Ýerli tebigaty öwrenijiniň gürrüňlerine görä, Duşak dagynyň günorta tarapynda takmynan iki müň metr belentlikde köp sanly jülgeleriň birinde atsyz bir çeşme akýar. Birwagtlar çeşmäniň ady hem bolupdyr. Emma indi ony hiç kim ýada salyp bilenok, ondan bäri köp wagt geçipdir. Aýtmaklaryna görä, geçen asyryň ortalarynda onuň golaýynda howaşynaslyk bekedi bar eken. Ondan-da ir döwürde bolsa bu ajaýyp ýerde şypaly suw kesel bejerýän abyzan bolupdyr. Onda ýurduň daglyk serhetlerini goraýan Haýrabat we beýleki serhetgalalaryň ýokary çinli serkerdeleri dynç alypdyrlar.

Serhetçiler baryp-ha XIX asyryň ahyrynda jülgede ekilen bu bagyň idegini kemsiz ýetirýän ekenler. Ýöne üstünden ýüz ýyldan gowrak wagt geçensoň, uzak jülgedäki ajaýyp bagdan diňe ýekeje agaç galypdyr. Ýöne nähili agaç! Haýrabat alma agajy. Bu, gabarasy bilen haýran galdyrýan gojaman berdaşly agaçdyr. Onuň diametri azyndan 6-8 metr, ýaýraň ýokary püri beýikligi alty metrden gowrak bolan kuwwatly göwdesiniň başyna täç geýdirilen ýaly bolup dur. Iň geň ýeri bolsa bu alma agajynyň henizem miwe getirýänligidir. Bu al-ýaşyl saldamly miwe hoşboý ysly we hoşmaza tagama eýe. Gynansagam, onuň nahalynyň nireden getirilendigini we bu almanyň adyny bilýän ýok. Görnüşinden, daglyk Haýrabat jülgesiniň howa şertleri (pars dilinde “şemal şäheri”) uzak ýurtlardan getirilen alma agajy üçin ýaramly bolup çykypdyr. Tomus jöwzasy-da, gyşyň aňzagy-da bu çydamly agajy boýun egdirmändir. Haýrabat almasy, beýleki agaçlar eýýäm gülden çykandan soň güle durýar we noýabr aýynda miwe berýär. Ol howanyň duýdansyz üýtgäp durmagyna gowy uýgunlaşypdyr. Dag howasy, çeşme suwy we ümsüm daglar kuwwatly Erikdagyň jülgeleriniň birinde ýalňyz duran goja agaja güýç-kuwwat bermek bilen, onuň ömrüni uzaldýar. 

Taýýarlan: Wladimir Komarow

Täze habarlar