Ï Türkmensitanda geçirilen halkara seminaryň tematikasy - «Akylly şäherler we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmensitanda geçirilen halkara seminaryň tematikasy - «Akylly şäherler we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri»

view-icon 6201

Şu hepdede ÝHGG-nyň Aşgabatdaky Merkezi «akylly şäherleriň» (Smart cities) oňyn tejribesini we ölçeglerini ilerletmek, geljegini hem-de wehimlerini ara alyp maslahatlaşmak we energiýanyň dikeldilýän görnüşleri ulgamyny ösdürmek boýunça halkara onlaýn-seminar geçirdi.

ÝHGG-nyň Aşgabatdaky Merkezinde habar bermeklerine görä, üç günlük seminara Energetika ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary gatnşadylar.

Belarusdan halkara bilermenleriniň ikisi «akylly şäher» konsepsiýasynyň ölçegleri we olary ornaşdyrmak boýunça öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdylar. Olar häzirkizaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, düzümleriň barlaglarynyň we çaklamasynyň, şeýle hem alternatiw we durnukly energiýa üpjünçiligini goldamagyň usullaryny görkezdiler. Çärede şeýle hem sebitde intellektual energiýa ulgamlaryny ösdürmegiň, «ýaşyl» sertifikatlary ornaşdyrmagyň we ilerletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Akylly we durnukly şäherler daşky gurşawa oňyn täsir edýärler, çünki howa CO2 goýberilişi azalýar, energiýanyň alternatiw çeşmeleri ösdürilýär» -diýip ÝHGG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, adamlaryň durmuşy üçin has amatly ilkinj «akylly şäher» Ahal welaýatynyň häzirki gurulýan täze merkeziniň ýerinde peýda bolar. Bu barada geçen ýyl gurluşygyň gidýän ýerine baryp görende Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ahal welaýatynyuň täze merkezi Köpetdagyň eteginde gurulýar, bu tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmaly diýip döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ilatyň amatly şertlerde ýaşamagy, netijeli işi we okuwy, doly derejede dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ýeterlik şertleriň dörediljekdigini nygtady.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin saýlanan ýeriň ekologiýa ýagdaýyny, seýsmiki we beýleki görkezijilerini alymlar jime-jik öwrendiler. Dürli ähmiýetli jaýlar çalt depginlerde gurulýar.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow