Ï Öz diliňiz barada gürrüň beriň: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä diller atlasyny döretmäge gatnaşyň
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öz diliňiz barada gürrüň beriň: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä diller atlasyny döretmäge gatnaşyň

view-icon 6862

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşen edarasy (UNESCO) dünýä dilleri barada täze maglumatlary ýygnamak üçin, onlaýn soragnamany işe girizdi.

Maglumat ýygnamak boýunça bu tagallalar innowasion we interaktiw gural, ýagny ÝUNESKO-nyň dünýäde ulanylýan 8 müňden-de gowrak dili öz içine alýan bütindünýä diller atlasyny döretmäge gönükdirilendir. Dil ulanmak bilen baglanyşykly ummasyz jäheti öz içine alýan atlas olaryň deň derejede ykrar edilmegi üçin, dilleri gorap saklamak, täzeden janlandyrmak we ösdürmek boýunça sazlaşykly alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge-de gönükdirilendir.

Gözlegleriň çarçuwasynda ýöriteleşen edaralara we assosiasiýalara, şeýle hem dil toparlarynyň wekillerine 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli öz dilleri barada anyk maglumatlary hödürlemek teklip edilýär.

Guramanyň dil dürlüligini we köpdilliligi ösdürmek boýunça borjunyň bir bölegi hem bu işe goşandy hökmünde ÝUNESKO tutuş dünýäde dil dürlüliginiň ýagdaýyna baha bermegiň hemmetarapaýyn usulyýetini işläp düzüpdir. Dünýä dilleri barada maglumat ýygnamak üçin ÝUNESKO hökümetler, hyzmatdaşlar we bilermenler bilen işleşipdir. Indi bolsa tutuş dünýä boýunça ähli toparlary bu işe kömek bermek üçin çagyrýar. Bu işe gatnaşmagyňyz siziň diliňiz barada has köp bilmäge, dünýä dillerini goldamak üçin täze çözgütleri işläp düzmäge bize ýardam eder.

“World Atlas of Languages” onlaýn soragnama iňlis, fransuz, rus we ispan dillerinde elýeterlidir.

Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa