Ï «Gül-Bilbil» operasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gül-Bilbil» operasy

view-icon 15299
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy
«Gül-Bilbil» operasy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda kompozitor Hudaýnazar Amangeldiýewiň «Gül-Bilbil» operasy ýerine ýetiriler. Opera esas edilip şu ýyl 300 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Abdylla Şabendäniň dessany alyndy.

Opera hoşowaz uwertýuradan başlanýar, onuň türkmen sazandalarynyň halaýan sazyna öwrülmegi-de mümkin. Onuň librettosyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Operany Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow sahnalaşdyrdy. Oňa TMK-nyň talyby Döwletmämmet Ökdirow dirižýorlyk eder.

«Gül-Bilbil» operasy ilkinji gezek şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Lebap welaýatynyň S. Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasyna görkezilipdi.

Libretto laýyklykda, şa ogly Bilbil düýşüne giren şa gyzy Güle aşyk bolýar we ata-enesiniň ýalbaryp-ýakarmasyna bakman dosltary Galandar, Sala beg hem-de Zelili bilen Şaalyjan ýurduna gidýär. Dostlar ýol aşyp barýarkalar, Gunçabi, Aýsuluw we Aýjemal galalarynyň ilatyny aždarha belasyndan dyndarýarlar. Bilbil dostlaryny öz söwerleri bilen galdyryp, ýoluny dowam edýär.

Gülüň ýakyn hossary Selimiň kömegi bilen Bilbil gyzyň bagyna barýar. Owadan şa gyzy ýat kişä galasyny Zaguzaganyň basyp almagyndan we özüni ýesir etmeginden çekinýändigini aýdýar. Bilbil onuň bilen darkaş gurýar we ondan üstün çykýar. Aşyklar Bilbiliň iline gaýdýarlar.

Dessanda watanperwerlerik, parasatlylyk, adalata gulluk etmek ýaly pikirler öňe sürülýär.

Operanyň ajaýyp sazy, aýdymçylaryň hoş owazy, gyzykly ýordumy we owadan sahna bezegi tomaşaçylaryň göwnüni awlar.

Esasy keşpleri Lelýi Ökdirowanyň (Gül), Türkmenistanyň halk aristi Atajan Berdiýewiň (Bilbil), döredijilik işgärleriniň arasynda geçirlýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň baýragynyň eýesi Begenç Gaýypowyň (Nasy şa) döredendigini hem aýtmak gerek.

 Tamara Glazunowa

Surata düşüren: Alekseý Gimalitdinow