Ermenistan türkmen halkyny garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlaýar

eye
933
Ermenistan türkmen halkyny garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlaýar

Ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ermenistandaky (Ýerewan şäheri) diplomatik wekilhanasy fleş-mob geçirýär. Netijede, ermeni paýtagtynyň ilaty we myhmanlary şäheriň merkezi köçeleriniň ugrunda oturdylan uly ekranlarda türkmen baýdagyny görerler.

Bu ermeni halkynyň türkmenistanlylary şu ähmiýetli waka – Garaşsyzlyk güni bilen gutlamagyny aňladýar.

1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri, Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik pudaklarda, halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. 2009-njy ýyldan bäri bolsa bu iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ermeni hökümetara komissiýasy işleýär.

Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa