Ï Türkmenistanlylar raýatsyzlyk mowzugy boýunça sebit bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanlylar raýatsyzlyk mowzugy boýunça sebit bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 16051

Mekdep okuwçylary we talyplar üçin «1961-nji ýylyň Raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň ähmiýeti» atly raýatsyzlyk mowzugy boýunça ikinji sebit bäsleşigi üçin arzalar kabul edilip başlandy. Ol Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky milli uniwersiteti we Bosgunlar boýunça Merkezi Aziýa ulgamy bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň bosgunlar işi boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýadaky Müdirligi tarapyndan geçirilýär.

Şu ýyl 1961-nji ýylyň raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň kabul edilmegine 60 ýyl dolýar. Bu senäni dabaraly bellemek maksady bilen, BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi halkara gatnaşyklary, halkara hukuk we adam hukuklary bilen gyzyklanýan ýaşlary bu Konwensiýanyň ähmiýeti we onuň häzirki döwürde wajyplygy baradaky öz esseleri, ylmy-barlag işleri bilen çykyş gatnaşmaga çagyrýar.

Oňa umumy bilim berýän mekdepleriň 7-11-nji synp okuwçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Okuwçylar «1961-nji ýylyň raýatsyzlyk hakyndaky Konwensiýasy nädip ýüze çykdy we ol raýatsyzlyk meselesii çözmäge nähili kömek edýär?», talyplar bolsa raýatlyk we raýarsyzlyk, onuň sebäpleri we netijeleri, şeýle hem raýatsyzlygy gowşatmak we azaltmak üçin, innowasion çözgütler, raýatsyz adamlary goramak temalary bilen baglanyşykly ylmy iş ýazmalydyrlar.

Bäsdeşlige hödürlenýän işler iňlis ýa rus dillerinde ýazylmalydyr. Işleri kabul etmegiň iň soňky möhleti 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrydyr.

Bäsleşige gatnaşjaklar degişli soragnamany dolduryp, «2021 raýatsyzlyk boýunça işleriň sebit bäsleşigi» diýen temany görkezmek bilen, ýazan işleri bilen bilelikde kazalres@unhcr.org elektron poçta ibermelidir.

Ýeňijileriň atlary BMG-niň BÝK Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň, şeýle hem hyzmatdaşlaryň saýtlarynda neşir ediler.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Raýatlyga kabul etmek barada karara gol çekendigini-de bellemelidiris,. Bu karara laýyklykda, ýurduň çäguinde hemişelik ýaşap, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul ediler.


Aýjahan Ataballyýewa