Ï Türkmenistanyň Gümrük gullugy ähli ulaglary dezinfeksiýa etmek üçin häzirki zaman desgalaryny ulanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gümrük gullugy ähli ulaglary dezinfeksiýa etmek üçin häzirki zaman desgalaryny ulanýar

view-icon 5426

«Ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugy ýurdumyza girýän ýa-da onuň üstünden geçýän ähli ulag serişdelerini dezinfeksiýa etmek boýunça sazlaşykly iş alyp barmagyny dowam etdirýär» diýip, bu edaranyň saýty habar berýär.

Gümrük edarasynyň çäginde ulag serişdeleriniň hökmany suratda daşyndan we içinden dezinfeksiýa etmek işi ygtyýarly hyzmatlaryň hünärmenleriniň talaplaryna laýyklykda, häzirki zaman serişdelerini ulanmak bilen amala aşyrylýar. Has netijeli işlemek üçin, öňden bar bolanlaryň üstesine Daşoguz welaýat Gümrük edarasynyň «Daşoguz awtoýollary» serhet gözegçilik nokadynyň Daşoguz awtoulag gümrük postunda we Köneürgenç serhet gözegçilik nokadynyň Köneürgenç gümrük postunda dezinfeksiýa desgalarynyň gurlandygyny bellemelidiris.

Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa