Ï Türkmenistanyň gümrük edaralaryna «ASYCUDA World» maglumatlar ulgamy ornaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň gümrük edaralaryna «ASYCUDA World» maglumatlar ulgamy ornaşdyryldy

view-icon 3566

Türkmenistanyň gümrük edaralaryna sanly ulgam — UNCTAD guramasynda taýýarlanan integrirlenen «ASYCUDA World» gümrük maglumatlar ulgamy ornaşdyryldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň esasy gurallarynyň biri bolan tehnologik özgertmeleri kuwwatly badalga aldy, sanly ulgam we maglumatlar tehnologiýalary pudaklaryň ählisinde, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işine hem ornaşdyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň internet portalynyň habaryna görä, ýurdumyzyň gümrük gullugynda öňdebaryjy tehnologiýalar we dünýä derejesindäki gözegçilik enjamlary ulanylýar, bu bolsa gümrükhana gözegçiliginiň wagtyny tygşytlamaga hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Gullukda tizligi ýokary aragatnaşyk ulgamy, wideogözegçilik we uzak aralykdan ulag serişdelerine gözegçilik etmek üçin döwrebap geolokasiýa ulgamy bar.

Şeýle hem gullugyň elektron hyzmatlary, maglumat portallary, gümrük resminamalaryny taýýarlamagy, maglumatlary toplamagy we seljermegi doly awtomatlaşdyran integrirlenen «ASYCUDA World» gümrük maglumatlar ulgamy ýa-da ýurduň döwlet serhediniň goýberiş nokadynyň çäklerinden geçýän harytlary hem-de ulaglary resmileşdirmäge gatnaşýan gulluklaryň ählisiniň işini utgaşdyrýan «Sanly gümrük amallary» doly güýjünde işledilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda sanly ulgamlar arkaly gümrük edaralarynda sebitiň gümrük edaralary bilen deslapdan elektron maglumat alyşmalaryny ýola goýmak, şeýle hem daşary ykdysady işlere gatnaşýanlaryň harytlaryny resmileşdirmek amallaryny ýeňletmek üçin «Eksport-import amallary üçin bir penjire» Taslamasy durmuşa geçirilýär.

UNCTAD-da (BMG-niň Baş Assambleýasynyň edarasy — BMG-niň söwda we ösüş Konferensiýasynyň) taýýarlanan maglumatlar ulgamy — «ASYCUDA World» (Automated system for customs data) programma üpjünçiligi gümrükhanada resminamalary barlamagy ýeňilleşdirýär. Ulgam adatça ýükleri resmileşdirmäge gidýän wagty 14 esse azaltmaga mümkinçilik berýär.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow