Ï Äşgär sesler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Äşgär sesler

view-icon 6888

Biz köplenç halaýan sazymyzy, saýrak guşlaryň owazyny, mähribanlarymyzyň sesini eşidip ýörşümize, bize eşitmek ukybynyň berlendigine şükür etmegi hem ýatdan çykarýarys. Çünki, bu lezzetden, dünýäniň ajap owazyny-mukamyny eşitmekden mahrum adamlaram bar ahyry! Statistika maglumatlaryna laýyklykda, zeminiň her dokuzynjy ýaşaýjysynyň eşitmek bilen bagly kynçylyklary bar.

Gadym zamanlarda gulagy agyr, ker adamlar ýekirlipdir. Bu meseläniň wajyplygy köpçüligiň ünsüni kadaly eşidip bilmeýän adamlaryň isleglerine çekmek üçin 1951-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda lal-güň adamlaryň Bütindünýä federasiýasynyň döredilmegine getiripdir. Şondan bäri bu gün tutuş dünýäde bellenilýär. Şol gün ümler dilini döreden fransuz Şarl-Mişel de lʹEpe ýagşylykda ýatlanylýar.

Kerleriň we çala eşidýänleriň aýratyn alada mätäçdigini hem aýtmak gerek. Ýöne şolaryň arasynda-da tanymal şahsyýetler, zehinli ýazyjy-şahyrlar, filosoflar, nakgaşlar bar. Olardan kompozitor L.wan Bethoweni, alym T.Edisony, nakgaş F.H. de Goýýany we başga-a ençeme şahsyýeti agzamak ýeterlikdir.

1760-njy ýylda Fransiýada ilkinji ýörite mekdebiň açylmagy kerlere gowy goldaw bolupdyr, onda okuw täze dilde – žestunoda alnyp barlypdyr, oňa esas hökmünde gadymy fransuz ümler dili alnypdyr. Okuwda habar bermegiň «ümli (mimiki) usuly» ulanylypdyr, onda her harp el bilen aňladylypdyr. Ýöne ondan bäri geçen döwürde ümler dili kämilleşdirilipdir. Indi obrazlar we alamatlar ulanylýar. Dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň bilermenleri dürli halkyň peýdalanýan meňzeş ümlerini seljerip, hemmeler üçin bütewi bir dil döredipdirler. 1973-nji ýylda ümler diliniň sözlügi taýýarlanylýar we çap edilýär.

1932-nji ýylda Türkmenistanda döredilen şeýle Jemgiýete ilkibada diňe göreç boýunça maýyplar kabul edilipdir, iki ýyldan soň oňa kerler hem goşulypdyr. Häzirki wagtda Jemgyýetiň 3,5 müňe golaý agzasy bar. Hökümetiň maýyplar barada aladasy netijesinde olary işjeň zähmete çekýän okuw-önümçilik kärhanalarynyň 10-sy hereket edýär. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenabadyň 5-nji mekdep-internatynyň hünärmenleriniň döreden täze elipbiýdäki daktil elipbiýisini tassyklady.

Indi welaýatlaryň ählisinde Jemgyýetiň şahamçalary bolup, olaryň öz taýýarlaan durmuş-dikeldiş toplumlarynda hünär taýýarlygy boýunça dürli okuwlar hereket edýär.

Jemgyýetde uly üstünlik gazanan ýoldaşlary barada buýsançly gürrüň edýärler. Olardan Çary Öwezow Türkmen politehiki institutyny tamamlaýar, Moskwa döwlet uniwersiteniň aspiranturasyndan soň dissertasiýasyny gorap, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty adyny alýar. Ol indi Jemgyýete ýolbaşçylyk edýär. Belorussiýanyň mugallymçylyk institutyny tamamlan Şabibi Osmanowa Jemgyýetiň okuw-sagaldyş Merkezinde usulçy bolup işleýär, ýazyjy Gurbanbibi Arrykowa 2015-nji ýylda Braýl şriftinde esse ýazmakda Aziýanyň körler we kerler Jemgyýetiniň guran halkara bäsleşiginiň baýragyny eýeledi, Tirkiş Baýramow -- kompozitor, ýazyjy, aýdym-saz mugallymy, Öwezgeldi Orjyýew ştanga götermek boýunça Ýewropa çempionatynda (2003, Slowakiýa) baýrakly orna mynasyp boldy, pälwan Nygmat Gurbanow golaýda Ermenistanda geçirilen Aziýa Oýunlarynda grek-rim göreşinde kümüş baýrak eýeledi.

--Türkmenistan 2008-nji ýylda maýyplaryň hukuklary barada Konwensiýa goşulandan soň döwlet tarapyndan Jemgyýetiň meselelerine üns hasam güýçlendi – diýip, Körler we kerler Jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, Aziýa körler Birleşiginiň Ýerine ýetirji komitetiniň agzasy Merdan Reýimow gürrüň berýär – Indi biz döwlet edaralarynyň ençemesi bilen hyzmatdaşlyk edýäris, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň işine ýardam edýäris.

Jemgyýet ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýar. Dürli gözden geçirişler, gezelençler, konsertler, döredijilik agşamlary yzygiderli guralýar.

«AA»-nyň habarçysy