Ï Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze basgançagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze basgançagy

view-icon 8968

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk barada täze şertnama gol çekdi.

Bu hyzmatdaşlygyň maksady çagalar üçin ýurtda howpsuz we arassa daşky gurşawy, ýeterlik bilimi, saglygy goraýşy, iýmitlenişi we SAG-ni (suw, arassaçylyk we gigiena) goldamak üçin Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň we ÝUNISEF-iň tehniki tejribesini, mümkinçiliklerini hem gorlaryny birleşdirmekdir.

ÝUNISEF bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky 2021– 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ileri tutulýan pudaklaryny görkezýän ylalaşygyň çäginde 2021– 2022-nji ýyllar üçin maksatnamalaýyn resminama gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanda bilimi, saglygy saklaýyşy, sanitariýa we arassaçylyk gurşawyny hem-de Aral sebitindäki ýerli jemgyýetçilik derejesinde geçirilýän çäreler arkaly ýurduň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Mysal üçin; «Ýaşyl mekdepler» taslamasy, howanyň üýtgemegine innowasion çemeleşmeler we Aral deňzi krizisinden iň köp zyýan çeken sebitlerde betbagtçylyk howpuny azaltmak hakda çagalara bilim bermegi we olaryň habardarlygyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

«Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti ÝUNISEF üçin adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk, olara çäre görmek, we töwekgelçiligi azaltmak ugurlary boýunça gymmatly hyzmatdaşdyr. Biz saglygy goraýşa, bilime we daşky gurşawa aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge şatdyrys» diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Aleksandr Nartea aýtdy.

Bu maksatnama Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler.



Aýjahan Ataballyýewa