Ï Türkmen lybasynyň özboluşlylygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen lybasynyň özboluşlylygy

view-icon 22517
Türkmen lybasynyň özboluşlylygy
Türkmen lybasynyň özboluşlylygy
Türkmen lybasynyň özboluşlylygy
Türkmen lybasynyň özboluşlylygy

Türkmeniň milli lybasy halkyň däp-dessuryny, durmuş ýörelgesini we ýaşaýyş ýörelgesini häsiýetlendirýän maddy hem ruhy medeniýetiniň özboluşly we iň täsirli hadysasydyr. Özboluşly maddy medeniýetiň, halkyň ahlak dünýägaraýşynyň iň tapawutly aýratynlyklaryndan birine öwrülen esasy geýim nusgasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda saklanyp galypdyr.

Şeýlelikde şol geýim nusgalarynda ökde hünärmenleriň çeperçilik ussatlygynyň jemlenendigini-de görmek bolýar, bu, şeýle hem, berk ahlak düzgünleri we özüňi alyp baryş edep kadalary bilen kesgitlenen gündelik durmuş ýörelgeleriniň örän möhüm pursadydyr.

Düzümi köp bölekli we aşa bezegli, jadyly alamatlar siňdirilen, çeper keşbi kämil başarjaňlygy talap edýän adaty geýimiň özboluşlylygy onuň häzirki wagtda-da ähmiýetini ýitirmänligindedir.

Lybas medeni, ykdysady we sosial ösüşiň, durmuşy gurmak şertleriniň täsiri astynda, bir bada däl-de ýuwaş-ýuwaşdan özgeripdir. Şeýlelik bilen, käbir düzüm aýratynlyklary könelip, düýbünden ýitipdir, käbirleri görnüşini üýtgedipdir, üçünjileri bolsa täzeden ýüze çykypdyr. Eýsem-de bolsa, däp boýunça etnik aýratynlyklary özünde jemläp, taryhyň yzygiderli ösüş döwründe-de asyl düzüm aýratynlyklary üýtgewsiz saklanyp galypdyr.

Türkmen halk lybasynyň jadyly güýji şeýle bir täsirlidir welin, bir gezek bu hazyna göz aýlap, onuň däp-dessurdyr urp-adaty, şeýle hem medeniýetimiziň toplan şekilleriniň jadyly manysynyň sungata öwrülen döwrüne degişli iň gadymy çeşmeler bilen arabaglanyşygyna göz ýetireiňden soň, ondan daşlaşyp bilmersiň. Dürli häsiýetli sebäpler: jemgyýetçilik, dini ýörelgeler, tire-taýpa, däp-dessur we ş.m. pederlerimiz tarapyndan belli bir nagyşlary, nusgalary, reňkleri saýlap, «janlandyrmak» üçin itergi bolupdyr.

Türkmeniň egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kämilleşip, onuň medeniýetiniň we durmuşynyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halkyň taryhy bilen aýakdaş yzygiderli ösüpdir. Türkmen halkynyň geýiminiň gadymy döwürlerden häzirki güne çenli özgerişi onuň tutuş taryhyny görkezýän aýnadyr. Türkmenleriň her bir etnik toparynyň geýimleri diňe bir biçüwinde däl, eýsem görnüşlerinde-de ýüze çykýan özboluşlylyga eýe bolupdyr.

Adaty türkmen geýimi diýseň çylşyrymly toplumdyr. Bu toplumyň esasyny dürli maksatlara niýetlenen düzüm bölekleri esaslandyrypdyr: içki geýim, daşky geýim we ýokarky geýim, şeýle hem gündelik, baýramçylyk we dabara lybaslary.

Aýal-gyzlaryň geýimleri, erkekleriňkä garanyňda, etniki şeýle hem gadymy görnüşlerini ýitirmän galandygy sebäpli, hut aýal lybasy dürli reňkliligi, nagyşlaryň dürli öwüşginde etniki eldegirmesizligini saklanlygy, gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Türkmenler maşgala, hojalyk we gündelik durmuş üçin zerur zatlaryň hemmesini gadym döwürlerden bäri senetçilik usuly arkaly özleri öndüripdirler. Önümleriň ähli görnüşleri, esasanam geýim görnüşleri, hiç hili garyndysyz, ekologiýa taýdan arassa bolan çig mallardan bolany üçinem özboluşlydyr. Öndürilýän matalaryň pagtadan, ýüpekden, ýüňden bolan görnüşleri dürli-dürli bolupdyr:

Geçmişden gymmatly we peýdaly nusgalary saýlap alan ýokary hilli täze biçüwdäki milli lybas häzirki zaman türkmenleriniň geýimleriniň hataryna girdi.

(Dowamy bar…)

Ajap Baýryýewa,
etnograf, taryh ylymlarynyň kandidaty

Surat awtoryňky