Elman Tagaýew AFK-nyň Kubogy boýunça saýlama oýunçy diýlip yglan edildi

eye
1263
Elman Tagaýew AFK-nyň Kubogy boýunça saýlama oýunçy diýlip yglan edildi

«Ahal» futbol toparynyň kapitany, 32 ýaşly ýarym goragçysy Elman Tagaýew AFK-nyň Kubogy – 2021-de urgularyň netijeliligi boýunça saýlama oýunçy diýlip yglan edildi.

Futbolda urgularyň netijeliligi, urgularyň we derwezä salnan pökgüleriň göterim gatnaşygy esasynda hasaplanylýar.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda E.Tagaýewiň derwezä gönükdiren 13 urgusynyň 5-si dürs boldy. Netijede onuň urgularynyň netijeleligi - 35,7 % barabar boldy. Bu görkezijidie ikinji orna Özbegistanyň «Nasafy» futbol toparynyň ýarym goragçysy Husaýn Norçaýew (16 urgy/6-sy dürs) - 27,2% boldy. Baýrakly üçünji orny Watanymyzyň «Altyn asyr» futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew (15 urgy/4-si dürs) - 25% eýeledi.

«Ahal» futbol topary şu ýyl ilkinji gezek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň zolak tapgyryna çykdy. Türkmenistanyň wise-çempiony Bişkekde geçirlen «E» toparyň saýlama oýunlarynda Kulýabdan Täjigistanyň Kubogynyň eýesi «Rawşan» 3:1 we Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoý» 2:0 hasabynda utup, üstünlik gazandy.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Merkezi zolagynyň finalynda «Ahal» Özbegistanyň «Nasaf» 2:3 hasabynda asgyn gelip, Aziýanyň klublarynyň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli ýaryşynda çykyşyny tamamlady.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda çykyş etjek toparlar Özbegistanyň «Nasaf» bilen Gonkongyň «Li Man» we Bahreýniň «Al Muharrak» hem-de Kuweýtiň «Kuweýt» SK-nyň 20-nji oktýabrda boljak duşuşyklaryndan soň aýan bolar. Oýunlaryň netijeleri 5-nji noýabrda abraýly baýragyň eýleini kesgitlärler.

 «AA»-nyň habarçysy