Mäş ýygymy dowam edýär

eye
7149
Mäş ýygymy dowam edýär

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda mäş ýygymy dowam edýär. Şu ýyl ol güýzlik galladan soň aralyk ekin hökmünde ekildi. Şu günler meýdanlardan ýygnalýan hasyl «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar. 550 gektar meýdanynda mäş ekilen Könürgenç etraby ýygymda öňde barýar. 700 gektara bu kösükli ekini eken S.Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary sebitiň beýleki etraplaryna garanda bol hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Ýygnalan mäş barlaghanalarda berk gözegçilikden geçirilýär. Sebitiň daýhanlary geçen ýyldaky ýaly her gektardan azyndan 15 sentner hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.

Daşoguz welaýatynda soňky ýyllarda suwy az talap edýän we topragyň mesligini güýçlendirýän, ýetişýän möhelti aralyk ekin hökmünde ulanylýan ekinlere uly üns berilýär. Bu ýerde mäşden başga-da, ýene iki ýüz elli gektar meýdana guraklyga we dürli kesellere çydamly noýba ekildi, noýbadan soň, hünärmenleriň kesgitlemelerine görä, toprakda azot köpelýär.

Kösükli ekinlerden alynýan hasylyň artdyrylmagy ýurduň oba senagat toplumynyň öňünde goýlan dürli oba hojalyk ekinleriniň möçberini ýokarlandyrmak we ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça wezipelerine laýyk gelýär.

Batyr Öräýew