Telekeçiler ýurduň eksport mümkinçiligini ösdürýärler

eye
5612
Telekeçiler ýurduň eksport mümkinçiligini ösdürýärler

Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy telekeçiligiň ösüşi işewürligiň jemi içerki önüme we döwletimiziň büjetine goşandyny artdyrmaga, ilatyň iş bilen üpjün edilmegi, eksportyň ösdürilmegi, şeýle hem import harytlaryň öwezini tutmagy bilen baglanyşykly möhüm milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine alyp barýar. Häzirki zaman tehnologiýalara we iň täze enjamlara esaslanýan täze önümçilikleri döredýän hususy telekeçiler diňe bir içerki bazarda öz ornuny tapmaga däl, eýsem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen-de işewür gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýarlar.

Şunuň ýaly täze şereketleriň biri-de Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän polipropilen sapaklaryň önümçiligini ýola goýan «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýetidir.

Gyýanlydaky polimer zawodyndan gelýän ýerli çig maly ulanmak bilen, bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän dürli reňkli sapaklaryň birnäçe görnüşini öndürýärler. Öňdebaryjy ýewropa tehnologiýalary bu kärhana günde 22 tonna ýokary hilli polipropilen sapaklary öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilikde iň täze enjamlary netijeli ulanmagy başarýan ýaş işgärler işleýärler.

Polipropilen sapaklar haly we haly önümlerini dokamakda giňden ulanylýarlar, çünki olar halylara aýratyn berklik berýär we olaryň reňkidir şekilini uzak wagtlap saklaýar. Polipropilen sapaklaryň bu häsiýetleri olara bolan ýokary islegi şertlendirýär. Şonuň üçin-de «Bagtyýar gurluşyk» HJ öz önümini eksporta ugrukdyrmagy göz öňünde tutmak bilen, bolup biläýjek daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gepleşikler alyp barýar. Ýakyn geljekde öndürilen önümiň ilkinji tapgyry Türkiýe Respublikasyna iberiler.

Ogulgözel Rejebowa