Ï Bereketli güýzüň sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bereketli güýzüň sowgady

view-icon 9712

Daşoguz welaýatynda güýzlük käşir ýygymy tamamlanýar. Bu ekiniň hasylyny ýygmak boýunça göz öňünde tutulan tabşyrygy Görogly etrabynyň daýhanlary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mysal üçin, «Magtymguly» daýhan birleşiginiň ekerançylary ekin meýdanlaryndan 37 tonna käşir ýygdylar. «Zaman», «Durdy Gylyç» we «Aksaraý» daýhan birleşiklerinde bolsa, göz öňünde tutulanyndan-da bol hasyl alyndy. Umuman, sebitde güýzlük käşiriň hasyly 93 tonna barabar bolup, bu meýilleşdirilen görkezijiden ýokarydyr. Boldumsaz etrabynyň «Medeniýet» daýhan birleşiginiň ekerançylary we Köneürgenç etrabynyň «Akgala», «Bereket», «Hakykat» daýhan birleşikleriniň daýhanlary bu ekiniň hasylyny meýdanlardan güýçli depgin bilen ýygnaýarlar.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlük käşir dört etrabyň ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirildi. Her gektardan azyndan 180 sentner hasyl almak bilen, degişlilikde 360 tonna hasyl ýygnamagy göz öňüne tutulýar.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda 18,5 müň tonna ýazlyk käşiriň ýygnalandygyny-da bellemelidiris.

Daşoguz welaýatynda gök önüm öndürmek oba hojalygynyň esasy pudaklaryndan biridir. Gök önümi ösdürip ýetişdirmek sebitiň howa şertlerini we ýer-suw gorlaryny göz öňünde tutmak bilen, ylmy esasda amala aşyrylýar. Oba hojalygyk önümlerini öndürijilere berilýän döwlet goldawy, oba hojalygynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler ilatyň ter gök önümleri we miweler bilen yzygiderli üpjün edilmegine, şeýle hem ýetişdirilen hasylyň bir böleginiň daşary ýurtlara satmak mümkinçiliginede goşant goşdy. Dürli miweleriň we gök önümleriň öndüriliş möçberiniň artdyrylmagy, şeýle-de käbir ekinlerden ýylda iki hasyl almak şertiniň, häzirki zaman hususy görnüşli şitilhanalar ulgamyny giňeltmek arkaly amala aşyrylýandygyny bellemelidiris.

Batyr Öräýew