Ï Russiýanyň teplowozlary Türkmenistana geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň teplowozlary Türkmenistana geldi

view-icon 4802

Aşgabat lokomotiw deposynyň gorunyň üsti Russiýada öndürilen teplowozlar bilen dolduryldy.

Öň hem habar berlişi ýaly, “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki “Kolomenskiý zawod” paýdarlar jemgyýetiniň we “Brýansk maşyngurluşyk zawody” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda geçen ýylyň dekabrynda baglaşylan şertnama laýyklykda TEP70BС ýolagçy teplowozy we 2TE25KM esasy ýük teplowozy gelip gowuşdy.

Täze gelen teplowozlar Türkmenistanyň demir ýollarynda öňdebaryjy orny eýelär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ulag we logistika mümkinçilikleriniň ösmegine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanynyň müdirligiň öňünde goýan birinji nobatdaky meseleleri häzirki zaman demir ýol infrastrukturasynyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagy, döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijiligini ýokarlandyrmagy we daşalýan ýüküň möçberini artdyrmagy öz içine alýar.

Swetlana Çirsowa