mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Aşgabatda görnükli küştçi As-Sulä bagyşlanan maslahat geçirildi

view-icon 1758

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda görnükli küştçiniň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Abu Bekr Muhammet As-Suli we küşt nazaryýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan guralan bu çärä ýurduň dürli ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, talyplary, Aşgabadyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebiniň tälimçileri, tanymal türkmen küştçüleri gatnaşdylar.

Abu Bekr Muhammet As-Suli orta asyrlaryň görnükli küştçüsi bolupdyr. Onuň ady Hazar deňziniň günorta-gündogaryndaky taryhy sebitiň Sul welaýatynyň adyndan gaýdýar.

Abu Bekr Muhammet Al-Suli doga türkmen bolmagyna garamazdan, Bagdatda ýaşany üçin, kakasynyň, atasynyň atlaryny, jemgyýetçilik degişliligini we dogup-dörän ýerini görkezýän gaty çylşyrymly arap at dakyş ulgamynyň däbine görä emele getirilen diýseň uzyn ady göteripdir.

As-Suli – özboluşly şahsyýet. Ensiklopedik alym, şahyr, filolog, taryhçy, üstesine-de ol şek ýetirip bolmajak küştçi hökmünde tanalypdyr. Hususan-da, ýyl ýazgylarynda aýdylyşy ýaly, öz döwrüniň iň güýçli garşydaşlary bilen bäsleşen Al-Suli 40 ýylyň dowamynda ýekeje gezegem utulmandyr.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, beýik eždadyň häzirki nesilleri paýhas talap edýän bu oýnuň tärlerini ýaşlykdan höwes bilen öwrenip, halkara sahnasynda möhüm üstünlikler gazanýarlar.

Şu ýerde türkmen küştçüleriniň 7 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatlaryndaky ajaýyp çykyşlaryny ýatlamak ýeterlikdir. Olarda ildeşlerimiz 2013-nji ýyldan bäri 6-sy altyn, 2-si kümüş we 5-si bürünç bolmak bilen, jemi 13 medal gazandylar.

Türkmenistanlylaryň 2019-njy ýylda Aziýa birinjiligi ugrunda Daşkende geçirilen ýaryşda gazanan üstünlikleri-de şondan peslär ýaly däldir, onda ildeşlerimiz 10 medal (5 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç) gazanyp, 16 toparyň arasynda umumy sanawda üçünji baýraga mynasyp boldular.

«AA»-nyň habarçysy