Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigini geçirýär.
Bäsleşik Daşary işler ministrliginiň HGI-niň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň, şeýle hem diplomatiýa dünýäsine biperwaý garamaýan ähli ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Şunuň ýaly hünäre gönükdirme taslamasy diplomat hünäri bilen gyzyklanyp, ony üzül-kesil saýlap tutan mekdep okuwçylaryny höweslendirmäge hem goldamaga gönükdirilendir.
Şeýlelikde, öňde duran bäsleşik we deslapky saýlaw barada: onuň netijelerine görä «Parahatlygyň ýaş çaparlary» taslamasyna gatnaşjaklar kesgitlener. Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9 – 11-nji synp okuwçylary çagyrylýar.
Ýaşlaryň wezipesi şu mowzuklaryň biri boýunça ylmy-döredijilikli düzme ýazmakdyr: «Diplomatiýa – meniň arzuwym», «Diplomatiýa – parahatçylyk guraly», «Näme üçin diplomat bolmak isleýärin?», «Türkmen halkynyň taryhy – parahatlyk diplomatiýasynyň nusgasy». Berlen ugurda erkin mowzugy saýlamak hem makullanýar.
Düzme 1,5 setir aralygy bilen ýazylanda, A4 ölçegli kagyzyň 5 – 10 sahypasyndan geçmeli däldir. Düzmeler parahatchylygynchaparlary@gmail.com salgysy boýunça DIM-iň HGI-ne elektron görnüşde iberilmelidir.
Bäsleşige gatnaşýan awtorlar işlerine özleri barada gysgaça maglumaty: doly adyny, terjimehalyny, öý salgysyny, mekdep belgisini, telefon belgisini, üstünlikleri, gyzyklanýan zatlary, güýmenjesi, akyl, sport olimpiadalaryna we beýleki ýaryşlara gatnaşmagy baradaky maglumatlary, şeýle hem 3x4 ölçegli suratlaryny goşmalydyrlar. Düzmeler şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna çenli kabul edilýär.
«Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl bäsleşigine iň oňat ylmy-döredijilik işlerini ýazanlar gatnaşarlar. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň ýörite studiýasynda dört tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyr şu ýylyň noýabr aýynyň birinji ýarymynda geçiriler. II, III we IV tapgyrlar, degişlilikde indiki ýylyň fewral, aprel we maý aýlaryna meýilleşdirilipdir. Jemleýji V tapgyrda – ýaryşyň ahyrynda her tapgyryň iki ýeňijisi çykyş eder. Şeýlelikde, dört tapgyra gatnaşan iň oňat 8 adamyň arasyndan ygtyýarly eminleriň karary bilen I, II we III ýerleri alan ýeňijiler hem baýrak alanlar kesgitlener.
Ýeňijä «Parahatlygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň arzyly ýörite kubogy garaşýar. Iň gowy iş ýazan üç okuwça degişli dereje diplomlary we gymmatly sowgatlar gowşurylar.
Bize ýurduň Daşary işler ministrliginiň HGI-de Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen işjeň we köptaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygy bilen sözümiziň üstüni ýetirmek galýar. Olar bu ýokary okuw jaýynyň durmuşynda bolup geçýän wakalara we çärelere çekilip, işjeň gatnaşýarlar. Munuň netijesinde okuwçylar ýokary mekdebe çenli taýynlyk okuwynyň bu döwründe belli bir endik hem bilim alyp bilýärler. Öwrenmek islegini we özüne bolan ynamy bolsa Ýokary diplomatiýa mekdebiniň – geljekde daşary ýurtlarda Türkmenistanyň bähbitlerine ýeterlik derejede wekilçilik etmek we goramak wezipesi bolan halkara gatnaşyklary boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň howasy hasam artdyrýar.
Anastasiýa Kasýanowa