Ï Onlaýn-seminaryň temasy - söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamynda halkara şertnamalaryny baglaşmak işini gowulandyrmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Onlaýn-seminaryň temasy - söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamynda halkara şertnamalaryny baglaşmak işini gowulandyrmak

view-icon 3671

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-seminarda ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn derejede söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny baglaşmak işini kämilleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Trening BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň ykdysady ösüşiň täze çeşmelerini güýje girizmek we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlik kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen bilelikdäki «Türkmenistanyň söwda mümkinçiligini güýçlendirmek» taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Britaniýanyň «Crown Agents» kompaniýasynyň halkara maslahatçylary Ýewgeniýa Pomerlýan we Wladimir Trofimçuk seminara gatnaşanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan gurallardan peýdalanmagyň ugurlary bilen tanyşdyrdylar, bu ulgamda halkara şertnamalaryny baglaşmak işini kämilleşdirmek boýunça maslahatlar taýýarladylar.

Şertnamalar bilen işlemegi merkezleşdirilen ulgama getirmek, şertnamalary ylalaşmak we olara gol çekmegi kadalaşdyrmak hem-de standartlaşdyrmak şertnama işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berer.

Aýjahan Ataballyýewa