Ï Il-Arslanyň aramgähi orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärligidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Il-Arslanyň aramgähi orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärligidir

view-icon 7514

Horezmiň iň meşhur şasy Il-Arslanyň guburynyň üstüne galdyrylan aramgäh gadymy Horezmiň paýtagty Ürgençde saklanyp galan iň gadymy binadyr.

Horezmiň şasy Täç-ed-din Il-Arslan gelip çykyşy boýunça bekdili taýpasyndandyr. Ol kakasy Ala ad-din Atsyz ölenden soň Horezmde tagta çykyp, 1156-njy ýyldan 1172-nji ýyllar aralygynda döwleti dolandyrypdyr. 1160-njy ýyllarda Il-Arslan Horezm döwletine Dehistany we onuň eteklerini birikdiripdir. 1172-nji ýylda Horezm şasynyň goşuny garahytaýlaryň Horezme ýörişini yzyna serpikdiripdir. Şondan köp wagt geçmänkä, hökümdar ýogalypdyr, ýöne onuň ady XII asyryň ikinji ýarymynda esasy fasadynyň ajaýyp bezegi bilen meşhurlyk gazanan aramgäh gurlandan soň ebedileşdirilipdir.

Aramgäh üstünde on iki gyraňly prizma we on iki gyraňly çadyr görnüşindäki gümmez gurlan kubdur. Merkezi Aziýada şunuň ýaly başga bir bina ýokdur. Inedördül bina dünýäniň esasy dört tarapyna gönükdirilendir. Onuň ýüzi gündogara garaýar. Aramgäh binasynyň umumy beýikligi diwarlarynyň beýikliginden iki esse köpdür.

Bu bina Merkezi Aziýada beýikligi içki gümmez bilen daşky örtüginiň arasyndaky boşluk arkaly emeli usulda artdyrylan ilkinji binalaryň biridir. Ymarata obelisk görnüşini beren bu täzelik soňra Teýmirleňiň we onuň nesilleriniň ajaýyp binalarynyň köpüsinde öz beýanyny tapypdyr.

Aramgähiň ýene bir özboluşly aýratynlygy binanyň ösümlik hem geometrik nagyşlardan ybarat adaty bolmadyk nagyş arkaly beýan edilen terrakotadan relýefe görä oýulyp, elde ýasalan bezegidir. Bu iş ýerine ýetirilende, nagyş çekmegiň özboluşly usuly ulanylypdyr. Ýerde jebis ýatan çig kerpiçler palçyk bilen örtülip, onuň üstünde iň çylşyrymly nagyş relýefe görä oýulypdyr. Soňra tutuş toplum kerpiçleriň arasyndaky sepler boýunça kesilip, olar bilen bilelikde bişirilipdir, ondan soň bolsa ýenede binanyň ýüzünde ýygnalypdyr.

Häzirki wagtda Il-Arslanyň aramgähi Köneürgenjiň beýleki binagärlik şa eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň iň meşhur ýerleriniň hataryna girýär.

Roman Teplýakow