Ï «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gury ýük daşaýjy gämisini gurar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gury ýük daşaýjy gämisini gurar

view-icon 7251

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ göterijilik ukyby 5300 – 8100 tonna bolan «Balkan» ýük gämisini gurar.

Bu gurluşygy amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, halkara ýük daşaýjylygy bilen meşgullanýan «Hazar logistik» hususy kärhanasy tarapyndan meýilleşdirilýär.

Bu ýük gämisiniň gurluşygy boýunça meýilleşdirilýän işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji oktýabrda geçen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň üçin düýbünden täze bolan bu önümçilik ýurdumyzyň gämi gurluşygynyň ösüşiniň esasyna öwrüldi. Döwrebap tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak bilen, zawodyň tehnologik üpjünçiligi deňiz gämilerini gurmaga, hyzmat etmäge we abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň golaýynda ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody, halk hojalygynyň hem-de ýurdumyzyň deňiz we derýa ulag pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar.

Täze gäminiň gurluşygynda goşmaça iş ýerleri we türkmen hünärmenleri üçin bu ugurdan daşary ýurt tejribesini öwrenmek mümkinçiligi dörediler.

Swetlana Çirsowa