mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

VIII halkara matematika bäsleşigi ýokary synp okuwçylary üçin dowam edýär

view-icon 7700

Uzak aralykdan geçirilip, 8-nji noýabra çenli dowam etjek «Men çözýärin» atly 9 – 11-nji synp okuwçylary üçin VIII halkara matematika bäsleşiginiň 1-nji saýlaw tapgyry dowam edýär.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler onuň resmi saýtynda bellige alynmalydyrlar. Soňra teklip edilen tabşyryklary ýerine ýetirmäge arkaýyn girişmek bolar. Birinji tapgyr, üçüsi jogabyny saýlap almaly, bäş sanysy bolsa – açyk bolmak bilen, sekiz tabşyrygy öz içine alýar, olary ýerine ýetirmäge 90 minut wagt berilýär. Ikinji tapgyra çykmagyň kesgitleýji esasy dogry jogaplaryň sanydyr.

Bäsleşigiň şertlerine görä, 2-nji tapgyra emin agzalarynyň beren bahalaryna laýyklykda, iň köp utuk gazanan 1000 okuwçy gatnaşar. Oňa gatnaşýanlaryň sanawy 15-nji noýabrda bäsleşigiň web saýtynda çap ediler. Ikinji tapgyr-da 16-njy noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda onlaýn formatda geçiriler. Bu tapgyr üçünji jemleýji tapgyra gatnaşjak «ylymlar şasyna» iň belet 30 okuwçyny kesgitlär. 2022-nji ýylyň 29-30-njy ýanwary aralygynda geçiriljek finalyň ýeňijileri 10 adam: 5-si on birinji synp okuwçysy, 5-si-de 9-10-njy synp okuwçylary bolar.

Ýokary synp okuwçylary üçin «Men çözýärin» atly halkara matematika bäsleşigi özüňi görkezmäge, bilimiňi barlap görmäge we ýüze çykarmaga mümkinçilik berilýän ajaýyp akyl-bilim bäsleşik meýdançasydyr.

Bu bäsleşik 2013-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär we adatça, Ýewraziýa ýurtlaryndan müňlerçe okuwçyny bir ýerde jemleýär. Mysal üçin, geçen ýyl Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Hindistandan 9 – 11-nji synp okuwçylarynyň 6 müňden gowragy matematika bäsleşigine gatnaşdy.

Anastasiýa Kasýanowa