Ï Tennisçilerimiz bäsleşigi ýeňiş bilen açdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tennisçilerimiz bäsleşigi ýeňiş bilen açdylar

view-icon 3425

Türkmenistanyň milli tennis topary Isa Taun (Bahreýn) şäherinde geçirilýän Dewis Kubogynyň ýaryşyna Yragyň ýygyndy toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykmak bilen başlady.

Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda başda 16 ýygyndy toparyň bäsleşmegi meýilleşdirilýärdi. Emma Singapuryň, Bangladeşiň, Mýanmanyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary dürli sebäplere görä, ýaryşdan çykaryldy, netijede indi Dewis Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna düşmäge üç orun ugrunda üçe bölünen 12 topar oýnaýar.

Şeýlelikde, bije çekilende, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Omanyň, Yragyň we Mongoliýanyň toparlary bilen bilelikde «B» topara düşdi. Beýleki iki toparyň düzümi aşakdaky ýalydyr: «A» toparda — Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Guam, Bahreýn; «C» toparda — Eýran Yslam Respublikasy, Kamboja, Gyrgyzystan, Ýemen.

Her toparyň iň gowy iki topary «playoff» tapgyra çykar, onuň ýeňijileri bolsa geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda oýnamaga hukuk gazanar.

Bäsleşigiň açylyş tapgyrynda Türkmenistanyň tennisçileri Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň türgenleri — Yragyň milli ýygyndysyna duşuşyp, kynçylyk görmezden ýeňiş gazandylar, Yragyň tennisçiler ýygyndy topary dünýä reýtinginde 124-nji orny eýeleýar we Dewis Kubogy ugrunda arakesmeler düşsede 1988-nji ýyldan bäri dowamly çykyş edip gelýär. 2 sagat 6 minut dowam eden ilkinji bire bir oýunda Ýuriý Rogusskiý Adel Mustafa Al-Saediniň duşuşykda, 7:5, 6:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Ikinji bire bir çykyşda Türkmenistanyň ussat tennisçisi Isa Mametgulyýew 1 sagat 45 minutda Mohammed Abuzed Saberi 7:5, 6:2 hasabynda ýeňdi. 1 sagat 25 minut dowam eden üçünji jübütleriň oýnunda Isa Mametgulyýew bilen Ýuriý Rogusskiý, Muhammet Al-Şamari bilen Abdullah Ali Hatemden üstün çykdylar — 7:5, 6:1.

Türkmen tennisçileriniň indiki bäsdeşi birinji tapgyrda Omanyň milli ýygyndysyndan 1:2 hasabynda utulan, dünýä tennis reýtinginde 129-njy orny eýeleýän Mongol topary bolar.

Birinji tapgyryň galan duşuşyklary: «A» toparda: Saud Arabystany — Bahreýn 3: 0, Birleşen Arap Emirlikleri — Guam 3: 0; «C» toparda: Kamboja — Ýemen 3:0, Eýran Yslam Respublikasy — Gyrgyzystan 3:0. hasap bilen tamamlandy

Türkmen tennisçileriniň Dewis Kubogy ugrundaky bäsleşige 2004-nji ýyldan bäri gatnaşýandyklaryny ýatladýarys. Olar 2012-nji ýylda Dohada (Katar) geçirlen IV topar zolaklaýyn ýaryşda ilkinji gezek «playoff» tapgyryna çykdylar, emma Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna hukuk gazanmak ugrundaky göreşde Kamboja toparyndan 0:3 hasabynda utuldylar. 2014-nji ýylda Tähranda geçirlen Dewis Kubogy zolaklaýyn ýaryşda Türkmenistanyň erkekler topary Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini 2:1 hasabynda ýeňip, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda öz ornuny saklamagy başardylar. Watandaşlarymyz özüniň iň gowy netijesini 2015-nji ýylda Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynyň ýaryşynyň «playoff» çykmak bilen gazandylar.

«AA»-nyň habarçysy