Ï Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna taýýarlanýar

view-icon 7392

Türkmenistan BMG-niň 31-nji oktýabrdan 12-nji noýabr aralygynda Glazgoda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna (COP26) gatnaşmaga taýýarlyk görýär.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri tarapyndan daşky gurşawy we howany goramak boýunça taslamalaryny durmuşa geçirmek we goldaw bermek üçin hyzmatdaşlaryň onlaýn duşuşygyny gurnadylar. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşanlar milli derejede kesgitlenýän goşandy (NDC) taýýarlamak işi bilen tanyşdylar.

Döwletimiziň ministrlikleriň we müdirlikleriň wekilleri häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasyny sazlaşdyrmagy bilen işlenip düzülýän milli derejede kesgitlenýän goşandy (NDC) taýýarlamak baradaky maslahata goşuldylar we oňa gatnaşýanlara ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň Glazgo sammitine sapara taýýarlyk işleri barada maglumat berdiler.

Maslahata gatnaşýanlar BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynda (COY16) hödürlenjek Türkmenistanyň ýaşlar başlangyçlarynyň jemleýji gysgaça mazmuny bilen tanyşdylar.

Aýjahan Ataballyýewa