Ï Kakow Orazsähedow: «Japbaklaryň» režissýory
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kakow Orazsähedow: «Japbaklaryň» režissýory

view-icon 11791

Onuň ömri her bir adamyň durmuşynda seýrek gabat gelýän, garaşylmadyk wakalardan, betbagtçylyklardan we komediýalardan doludy. Eýsem-de bolsa, her kim öz durmuşynda bolup geçýän zatlara kinaýaly ýylgyryş bilen garap, durmuşyň islendik ýagdaýyndan kinoda orun aljak hemişelik ýomak döredip bilmezdi.

Bize «Çagalygymyzyň kasamy», «Köýten nalasy» we «Japbaklar» ýaly ençem ajaýyp filmleri sowgat eden zehinli aktýor, režissýor we ssenariçi Kakow Orazsähedowyň aramyzdan gidenine şu ýyl 10 ýyl boldy.

Türkmen raýatlarynyň birnäçe nesli, oň Milli kinematografyň «altyn hazynasyna» giren şu hekaýatlarynyň täsiri bilen ösüp-ulaldy. Onuň filmleriniň mähirli we dramatik ýordumlary tomaşaçylara häzirem çuňňur täsir edýär, eýsem-de bolsa, meşhur filmleriň awtory düýbünden başga bir hünäri arzuw edipdi.

  «Mekdebi gowy bahalar bilen gutarandan soň, Kakow žurnalistika fakultetine girmek kararyna gelipdir, ýöne ýokary okuw jaýyna girmek üçin, oňa ýekeje ball ýetmändir» diýip, režissýoryň aýaly Elza Orazsähedowa ýatlaýar. – Ýöne ony VGIK-e (şol wagtky Bütinsoýuz Döwlet kinematografiýa institutyna), Sergeý Gerasimow bilen Tamara Makarowanyň meşhur ussahanasyna kabul edipdirler. Talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynda Kakow Wasiliý Şukşin bilen bir otagda ýaşapdyr, soň ol bu otagdaşlyk barada birgiden gülkünç hekaýatlary gürrüň berýärdi. Geljekki režissýorymyzyň ýyldaşlarynyň arasynda Lýudmila Gurçenko hem bardy, Kakow onuň bilen «Otello» talyplar oýnunda işleşmek bagtyna eýe boldy. Kakow wenesiýaly Mawryň keşbinde sahna çykdy, Lýudmila Markowna bolsa Juliettanyň keşbini ýerine ýetirdi.

Türkmen obasynda doglup, ata-eneden ir galan ýigdekçäniň, Kakow Orazsähedowyň bagry Watan bilen baglanşyklydy. Moskwada okuwyny tamamlandan soň, oň ýüregi Aşgabada ýetmäge telwas edýärdi, ýöne indi ol, ýeke däl-di 1955-nji ýylda Bütinsoýuz derejesindäki bir medeni çärede tanşan gelni, Elzasy bardy.

 – Iki joram bardy: biri türkmen, beýlekisi gyrgyzdy, olar meni Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň biriniň şol ýyllarda Moskwada geçýän edebiýat we sungat Ongünlügine çagyrdy — diýip, Elza Orazsähedowa gürrüň berýär. — Ykbalymyzy çözen duşuşygymyz-da şol ýerde başlandy. Kakowyň syraty, gelşirip gürlemesi we degişmesi ilkinji minutlardan maňa täsir etdi. Gatnaşyp başladyk, tiz wagtdan bolsa talyp toýuny etdik. Okuwy gutarandan soň, ol meni ata Watanyna alyp geldi. Aslynda, özüm Gazagystandan bolsamam, türkmen topragyna düşüp, jöwzaly tomsuň nämedigine göz ýetirdim. Bu ýerde biz 53 ýyl bir jan, bir ten bolup ýaşadyk — bu ýyllar meniň durmuşymyň iň bagtly döwri boldy.

Örän ýaş aktýorlar saýlanyp alnan «Japbaklar» filmi surata düşürilende, aýaly adamsyna ýolbaşçylyk etdi. Baş roly ýerine ýetirýän iň ýaşuly aktýor bary-ýogy 16 ýaşyndady ahbetin.

  «Japbaklar» Bäherdende surata düşürildi. Şol günler howa juda maýyldy, ýöne gijelerine çigrek bolýardy, emma döredijilik işine hiç zat päsgel bermeýärdi. Kakow çagalar bilen gün yrman, taýýarlyk görýärdi, özi-de olaryň oýnamaly keşplerine girýärdi, keşbiň üstünde nähili işlemelidigini görkezýärdi, ýaş aktýorlar bolsa onuň her bir belligini ýere gaçyrman, garbap alýardylar.

Ssenarisi türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň eseri esasynda taýýarlanyp, 1972-nji ýylda surata düşürlen komediýa-erteki filmi, Kakow Orazsähedowyň özi ýaly, şadyýan ýumory we juwan ruhubelentligi bilen bada-bat ulularyň-da, çagalaryň-da göwnünden turdy.

Režissýor elmydama ýassygynyň astynda Magtymgulynyň kitabyny saklaýardy — türkmen edebiýatynyň nusgawy pelsepeçi şahyrynyň eserleri režissýoryň tejribesi üçin özboluşly çelgidi.

Halk artisti, sungatda at gazanan işgär Kakow Orazsähedow ýurduň köp tanymal režissýorlary bilen hyzmatdaşlyk etdi. Onuň kinematografik mirasyny onlarça çeper we elli dokumental film düzýär. Kärdeşleri, dostlary we garyndaşlary režissýory alçak, şadyýan, açyk ýürekli, mylaýym hem kinaýaly film döreden adam hökmünde ýatlaýarlar.

Swetlana Çirsowa