Ï Türkmenistanda futbol çempionaty badalga alýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda futbol çempionaty badalga alýar

view-icon 3290

Şu gün paýtagtymyzda «Aşgabat» we «Altyn Asyr» toparlarynyň arasyndaky oýun bilen Türkmenistanyň 29-njy futbol çempionaty başlaýar.

Ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň berýän habaryna görä, öňkülerden tapawutlylykda, bu ýyl ýaryş gysga görnüşde geçiriler, ýagny 8 topar milli çempionatyň medallary ugrunda dört däl-de, iki tapgyrda bäsleşer. Üç klub: «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Kopetdag» paýtagta degişlidir. Balkanabadyň «Balkan», Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparlary Balkan welaýatynyň, Marynyň «Merw» we «Energetik» toparlary Mary welaýatynyň, «Ahal» bolsa Ahal welaýatynyň toparlarydyr.

19-njy dekabrda tamamlanjak çempionatyň netijelerine görä, Türkmenistanyň iň gowy topary 2022-nji ýylda AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş etmek, Türkmenistanyň Kubogy-2021-iň ýeňijisi we milli çempionatyň kümüş medalynyň eýesi bolsa – Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji klub ýaryşynda – AFK-2022 Kubogynda oýnamak hukugyny gazanar. Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi şol bir topar bolan ýagdaýynda, AFK-2022 Kubogynda toparymyz wise-çempiondan daşgary milli çempionatyň bürünç medalynyň eýesi bolar.

«AA»-yň habarçysy