Ï Türkmen telekeçileri üçin fransuz dili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri üçin fransuz dili

view-icon 6343

Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty elektron söwdanyň ählumumy meýdançasynda onlaýn söwda etmek isleýän telekeçi tükmen zenanlaryna, senetçilerine, çeper elli ussatlara degişli telekeçiligiň fransuz dilini öwrenmmek üçin okuwlar guraýar. Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynda taslamanyň guramaçylarynyň, wekilleriniň we okuwlaryň geljekki diňleýjileriniň gatnaşmagynda okuwyň başlanmagy mynasybetli tanyşdyrlyş çäresi geçirildi.

Bu taslama Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň Innowasion taslamalara raýdaşlyk gaznasynyň maliýe taýdan goldamagynda Merkezi Aziýada fransuz dilini ýaýbaňlandyrmak maksatnamasynyň çäklerinde işläp başlady. Şeýle hem, ol USAID-iň Türkmenistanda telekeçiligi we biznes-gurşawy guramak boýunça taslamasynyň goldamagynda «Оrlan» kompaniýasynyň «Handmade Export 2021» telekeçiligi goldamak maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, «Handmade Export 2021» telekeçiligi goldamak maksatnamasy şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda ilkinji gezek işe girizildi. Ol çepr elli türkmen zenanlarynyň onlaýn-biznesini gurmaga kömek etmek üçin döredildi we onlaýn-söwda meýdançalarynyň üsti bilen, milli el işeriniň durnukly satuwyny üpjün etmegi, el işleri bazarynyň elýetreliligini giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Hususy telekeçilik hünärini ösdürmegiň täze maksatnama ýollary, elbetde ýurduň dürli künjekerinden çeper elli zenanlary özüne çekdi. Taslama bäsleşikden geçen güýçli dalaşgärler gatnaşýarlar. Ählumumy giňişlikde öz biznes-ýörelgesini ösdürmek isleýänler üçin biznes meýilleşdirme, elektron söwda, logistika, marketing boýunça treningler, kouç-mejlisler göz öňünde tutulan.

Türkmenistandaky Fransiýa instituty tarapyndan gurnalýan fransuz telekeçilik dili boýunça okuwlar ýurdymyzyň zenan telekeçilerini sowatly taýýarlamagyň möhüm tapgyry bolar. Okuwlar şu ýylyň oktýabryndan dekabr aralygynda geçiriler.

Guramaçylaryň tagallalary netije almaga gönükdirilendir — maksatnama gatnaşýanlaryň güýçlileriniň ählumumy internet-meýdançalarda diňe bir şahsy biznesini üstünlikli ilerletmän, eýsem ýerli çeper elli zenanlar bilen halkara alyjylarynyň arasynda dellal bolmagy hem göz öňünde tutulýar.

Anastasiýa Kasýanowa