Ï «Altyn Asyr» FT ýurdumyzyň futbol çempionatyny ýeňiş bilen başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn Asyr» FT ýurdumyzyň futbol çempionatyny ýeňiş bilen başlady

view-icon 4367

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» toparynyň futbolçylary 5-nji tapgyryň çäginde «Aşgabat» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň çempionatyny ýeňiş bilen başladylar. Oýun köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçdi.

2021-nji ýylyň futbol çempionatynyň ilkinji topy oýnuň 10-njy minutynda tora girizildi. Ony «Altyn Asyr» FT-nyň futbolçysy Güýçmyrat Annagulyýew tora saldy. Ol sag gapdaldan top berilmegi üçin, ussatlyk bilen çemeli ýeri eýeledi we topy kellesi bilen urup, derwezä gönükdürmäge başardy. Şondan 25 minut soň Mekan Saparow hem burçdan urlan topy kellesi bilen urup, netijäni iki esse artdyrdy.

Hasap 2:0 bilen «Altyn Asyr» FT-y peýdasynaka, toparlar arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymynda garşydaşlar jogap topuny derwezä geçirdiler. Ilki bilen, geçen ýyl çempionatyň iň köp top geçiren oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew 66-njy minutda jerime meýdançasyndan ajaýyp urgy bilen utugy üç topa ýetirdi. Oýnuň esasy wagtyn tamamlanmagyna 10 minut galanda, «Aşgabat» FT-nyň tilsimi Şatlyk Gurbanowyň geçiren topy bilen tamamlandy.

Milli futbol çempionatynyň indiki oýny 22-nji oktýabrda geçiriler. Şol gün «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda wagty üýtgedilen 5-nji tapgyryň çäginde «Kopetdag» bilen «Ahal» duşuşar.

«AA»-nyň habarçysy

Surat: Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyňky