Ï Nury Halmämmedowyň sazlary konserwatoriýada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nury Halmämmedowyň sazlary konserwatoriýada

view-icon 15715

Nury Halmämmedow heniz Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda okaýan döwri belli kompozitor Aleksandr Aleksandrow bu ýaş, zehinli ýigit barada: «Öte ýiti we juda zehinli» -diýip ýazypdy.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň nusgawy kompozitory Nury Halmämmedowyň eserleri ussatlygyň belent derejesiniň nusgasy bolup, türkmen halkynyň ruhy mirasyna baky girdi. Milli sungatyň ýörelgelerinde kemala gelen we oňa ömürlik ygrarly bolan kompozitor öz döredijiliginde ummasyz baý saz medeniýetleri – ýewropa we türkmen medeniýetlerini utgaşdyrdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna barsaň taýýarlyk synp otaglaryndan Nury Halmämmedowyň meşhur sazlary: tanymal ussat sazanda Mylly Täçmyradowa bagyşlanan «Dutaryň owazy» fortepiano pýesasy, «Skerso», «Elegik prelýudiýa we fuga» we beýleki sazlary eşidilýär.

Üflenip çalynýan saz gurallary otagynda Suraý Atadurdyýewadan (fleýta), Maksat Annamyradowdan (goboý), Hydyr Esenowdan (klarnet), Wepa Annamyradowdan (waltorna), Begenç Babamyradowdan (fagot) ybarat kwintet Nury Halmämmedowyň «Türkmenistan» simfoniki kartinasyndan bölekleri ýerine ýetirýärdi, olardan «Çopan tansy» we «Gyzlar tansy» ýaly tanyş sazlar ýaňlanýardy...

Wokal otaglarynda talyplar kompozitoryň aýdymlaryny we romanslaryny aýdýarlar. Nury Halmämmedow 19 ýaşynda Magtymgulynyň «Pukaraýam» goşgusyna ilkinji romansyny döredýär. Soňra ХVII- ХIХ asyr türkmen şahyrlarynyň, halk bagşylarynyň, rus we ýapon şahyrlarynyň goşgylaryna wokal tapgyrlaryny ýazdy. Kompozitor Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň, Geýnäniň goşgularyna «Adam ýürekleri paralananda», Sergeý Ýeseniniň goşgusyna «Pars äheňleri», ýapon şahyrlarynyň goşgularyna «Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň aýdyp ýetişmedik aýdymlary», «Uruş we parahatçylyk hakda ballada», «Ene hakda ballada», «Esger ýüregi» wokal tapgyrlarynyň birnäçesini döretdi.

«Geler» romansy näbelli bagşynyň sözlerine tenor we fortepiano üçin ýazylypdyr.

Indi Nury Halmämmedowyň sazlary dürli saz gurallarynda – özbaşdak, köp gurally ansambllarda hem-de orkestrlerde ýaňlanýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Ilgiz Galimow «Geler» romansyny üflenip çalynýan saz gurallary üçin gaýtadan işläpdir. Ol täzeçe, ýöne öňküsi ýaly ajap ýaňlanýar.

Nury Halmämmedowyň ýürekden çykan sazlary hemişe diňleýjä güýçli täsir edýär. Şol arassa saz çeşmesi – kompozitoryň bize goýup giden ruhy peşgeşidir.

 Irina Sobolewa, 

 Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy