Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti olimpiadalaryň bäşisini geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti olimpiadalaryň bäşisini geçirer

view-icon 11126

Şu ýylyň 15-nji noýabryndan 20-nji noýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda onlaýn görnüşde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin birbada bäş ders boýunça olimpiadalary guraýar.

Ykdysadyýet, filosofiýa, häzirkizaman türkmen jemgyýeti, hytaý dili, ýöriteleşdirilen iňlis dili boýunça olimpiadalar geçiriler. Talyplar öz isleglerine görä, bir ýa-da birnäçe olimpiada gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw jaýyndan bäsleşige gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.

Ol ýa-da beýleki ders olimpiadasynyň meseleleriniň çylşyrymlylgy talyplaryň ýokary okuw mekdebindäki ugruna bagly bolar. Mysal üçin, ýöriteleşdirilen iňlis dili boýunça olimpiada gatnşaýanlar üç topara bölüner. Birinji toparda tehniki, ikinjide – ynsanperwer, üçünjisinde – ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan bilim alýanlar gatnaşarlar. Hytaý dili dili boýnça olimpiada gatnaşjaklar iki topara – dersi öwrenmäge ýöriteleşen we hytaý dili esasy ugry bolmadyklar toparlaryna bölüner.

Olimpiadalaryň hersi 1 tapgyrda, bir günde geçiriler. Olimpiadalaryň resmi dili - türkmen we iňlis dilleridir. Aň-paýhas bäsleşiginiň netijesii 20-nji noýabrda jemlener.

Olimpiadalara gatnaşmaga dalaşgärler olary guraýan uniwersitetiň iuhd.edu.tm resmi saýtynda hasaba durup bilerler. iuhdolympiads@gmail.com elektron poçtadan HYYweÖU-niň wekilleri bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat alyp bolar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin güýzki olimpiadalaryň birinji tapgyry Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň howandarlygynda şu ýyl geçirildi. Jemi üç - hytaý dili, ykdysadyýet we filosofiýa ugurlaryndan olimpiadalar guraldy. Şu ýyl aň-paýhas bäsleşikleri has köp dersden geçrilip ugrady we ol her ýyl guralýan çärä öwrüldi.

Anastasiýa Kasýanowa