mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmen tennisçileri Bahreýnde Dewisiň Kubogynyň zolak ýaryşynda üçünji gezek ýeňiş gazandylar

view-icon 1291

Türkmen tennisçileri Isa-Town şäherinde (Bahreýn) geçýän Dewisiň Kubogy ugrunda zolak ýaryşynda bassyr üçünji gezek ýeňiş gazandylar. Ildeşlerimiz Yragyň we Mongoliýanyň ýygyndy toparlaryny birmeňzeş - 3:0 hasabynda utandan soň, jemleýji oýunda dünýä tennis görkezijisinde 118-nji orny eýeleýän Omanyň toparyndan hem şeýle hasap bilen üstün çykdylar.

Omanyň uly raketka ussatlary Dewisiň Kubogynyň ýaryşynda 1994-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärler. Olar 2008-nji we 2009-njy ýylarda Aziýa we Okeaniýa II zolagynyň toparynda çykyş edip, iň gowy netijelerini gazandylar. Emma soňky ýyllarda görekziji boýunça IV toparda çykyş edýärler.

Wagtyndan öň ýaryşyň «playoff» tapgyryna çykan türkmenistanlylar üçin Omanyň topary bilen oýnuň ýaryş ähmiýeti ýokdy. Şeýle bolsa-da, toparymyzyň baş tälimçisi Mirali Gasanow üç duşuşykda bäsdeşine bary-ýogy üç geým beren toparyň düzümini üýtgetmedi.

Özü-de duşuşyklaryň üçüsi-de bir sagada ýetmedi. Olaryň birinjisinde Ýuriý Rogussiý 51 minutda Marwan Alhanjarini 6:0, 6:2 hasabynda utdy. Ikinji has az -37 minut dowam eden oýunda Türkmenistanyň birinji raketkasy Isa Mämmetgulyýew Isa Ali Alsulemaninä bir geýmem bermän, duşuşygy 6:0, 6:0 hasap bilen tamamlady. Ýene 37 minut dowam eden bilelikdäki oýunda Isa Mämmetgulyýew bilen Ýuriý Rogussiý Ali Al-Busaidi hem Isa Ali Alsulemani ikisinden aňsatlyk bilen 6:0, 6:1 hasabynda rüstem geldiler.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň ýygyndysy bäsdeşleriniň ählisini utup, «В» toparda 1-nji orny eýeledi. Toparda ikinji orny eýeläniň haýsy topar boljakdygyny Yragyň we Mongoliýanyň ýygyndylarynyň 22-nji oktýabrdaky duşuşygynda belli bolar.

Beýleki toparlarda Saud Arabystanynyň («А» topar, 1-nji ýer), Birleşen Arap Emirlikleriniň («А» topar, 2-nji ýer), Eýranyň («C» topar, 1-nji ýer) we Kambojanyň («C» topar, 2-nji ýer) ýygyndylary utulan-çykdy tapgyra ýetdiler. Birleşen Arap Emirlikleriniň ýa-da Kambojanyň toparlarynyň haýsysynyň türkmen tennisçileriniň utulan-çykdy duşuşykda bäsdeşi boljakdygyny bije aýan eder.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Eziz Döwletowyň pikirine görä, olaryň ikisem gowşak däl. Şonda-da ildeşlerimiz olaryň hersi bilen oýnap biljek.

Utulan-çykdy tapgyryň oýunlaryndan güýçýli toparlaryň üçüsi indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa III zolagynyň toparynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

«AA»-nyň habarçysy