mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Ýumşak gap çykarýan zawod işläp başlady

view-icon 2860
Ýumşak gap çykarýan zawod işläp başlady

«Aziýa plastik» kärhanasy ýerli polipropilenden önümiň ilkinji tapgyryny çykardy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 1-nji oktýabrda ürgün serişdeler üçin polipropilen halta öndürýän zawod işe girizildi. Indi sehde oturdylan awtolamik enjamda 50-60 kilogram un daşamak üçin ýumşak gap taýýarlanylýar. Önüm çykarmak üçin Türkmenbaşy NGIZT-nda we Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän ýerli çig mal ulanylýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Mekan Şalyýerw plastik lentalardan halta, gaplyk mata we tehniki dokma önümlerini çykarmakda dünýä bazarynyň lideri Starlinger kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamyny satyn aldy we özleşdirdi. Kärhanada dürli ürgün serişdeler, mysal üçin, sement, himikatlar, tohumlar, galla önümleri, un, şeker, sitrus önümleri, mineral dökünler, iýmler we şuňa meňzeş önümler gaplanylýan dokma plastik haltalary öndürmek üçin ýokary hilli enjamlar oturdylan. Telekeçi ýumşak gabyň ulanylmagy harydy niýetlenen ýerine eltmegi çaltlandyrýar, ony saklamaga we daşamaga çykdajylary, zaýalanýanlygy sebäpli önümiň ýitgisini azaldýar, bu bolsa netijede haryt dolanşygynyň artmagyna getirýär diýip pikir edýär.

Wladimir Komarow